Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Tatarystanyň Prezidenti bilen duşuşdy

17:2217.02.2020
0
24439

Şu gün Kazandaky Kremlde Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Bu barada Prezidentiň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Prezidenti Rustam Minnihanow Serdar Berdimuhamedowy ýakynda senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine saýlanylmagy bilen gutlady. «Biz siziň döwletiňizde alnyp barylýan işler bilen ýakyndan gyzyklanýarys» diýip, Prezident türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen-tatar gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça alyp barýan işlerine ýokary baha berdi.

Şeýle hem Prezident R.Minnihanow S.Berdimuhamedowdan türkmen kärdeşine şu ýylyň iýun aýynda Kazanda geçiriljek halkara sammite çakylygyny ýetirmegini haýyş etdi.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, Tatarystanyň «KamAZ», «Tatneft» ýaly kompaniýalary Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlykda işleýär. Bilelikdäki türkmen-tatar topary bolsa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem işjeňleşmegi üçin uly işleri alyp barýar.

Taraplar gurluşyk senagatyny bilelikde ösdürmegiň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň