Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistanyň futzal ýygyndysyna täze baş tälimçi getirildi

22:5218.01.2020
0
4316

Gruziýaly hünärmen Aleksandr Dzabiradze Täjigistanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ýurduň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Habarda aýdylyşy ýaly, milli ýygyndynyň ozalky baş tälimçisi Deýan Dedowiç öz işini BAE-de dowam etdirer.

Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Gruziýanyň köp sanly toparlarynda futzal oýnan 44 ýaşly hünärmen tälimçilik işine 2016-njy ýylda Tbilisiniň «TMS» toparynda başlady. Ol bu topar bilen Ýewropanyň Çempionlar ligasynda hem ýaryşdy.

Täjigistanyň futzal ýygyndysynyň Aşgabatda geçiriljek Aziýa çempionatynda biziň ildeşlerimiz bilen bir toparçada ýaryşjakdygyny ýatladýarys. «A» toparçanyň çägindäki Türkmenistan ―

Täjigistan duşuşygy 28-nji fewralda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň