Türkmenistanyň kubogy ― 2019: finalyň ady «Altyn asyr» ― «Ahal»

17:4904.12.2019
0
6820

Şu gün «Aşgabat» stadionynda futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarym finalynyň jogap duşuşygy geçirildi. Onda «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary Içeri işler ministrliginiň «Köpetdagyny» kabul etdi. Mundan bir aý ozal «Köpetdag» stadionynda geçirilen duşuşykda «Ahal» 2:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Soňky günlerde Türkmenistanyň çempionatyndaky üstünlikli oýunlary bilen hem janköýerlerini begendirýän topar Kubok ýaryşynyň jogap duşuşygynda hem «Köpetdagyň» garaşylmadyk öwrümine ýol bermedi. Jogap duşuşygy ýene-de «Ahalyň» ýeňşi bilen tamamlandy: 1:0. Pökgini duşuşygyň 22-nji minudynda Pirmyrat Sultanow geçirdi. 40-njy minuda çenli baş emin A.Gurbanowdan alan iki sary kartynyň netijesinde oýundan çykarylan hem bolsa, futbolçy ýeke-täk pökgüsi bilen toparyny finala çykaryp bildi. Dartgynly geçen duşuşykda emin bolsa jemi dört futbolça sary kart görkezmeli boldy. Şeýlelikde, «Ahal» taryhynda dördünji gezek Türkmenistanyň kubogynyň finalyna çykdy. 2013, 2014 we 2017-nji ýyllarda-da finala çykan topar şol duşuşyklaryň hiç birinde hem ýeňilmändi, ählisinde Kubogy gazanypdy. Topar final duşuşygyny «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Altyn asyr» topary bilen geçirer. Şeýlelikde, biz taryhda ikinji gezek «Altyn asyr» ― «Ahal» finalyna tomaşa ederis. Toparlar mundan ozal 2013-nji ýylda finalda duşuşyp, «Ahal» ýeňiji bolupdy. Türkmenistanyň kubogynyň oňa mynasyp bolan topara AFK-nyň kubogy ― 2020-niň saýlama tapgyryna gatnaşmaga hukuk berýändigini ýatladýarys. «Altyn asyr» çempionatyň tamamlanmagyna üç tapgyr galanda çempionlygyny yglan edip, yklym ýaryşyndaky ornuny berkidipdi. Diýmek, Kuboga mynasyp bolup bilse, «Ahaly» öňümizdäki ýylda-da AFK-nyň kubogynda görüp bileris. Eger Kuboga «Altyn asyr» mynasyp bolaýsa, çempionatda ikinji orun ugrundaky «Ahal» ― «Şagadam» göreşiniň ýeňijisi yklym ýaryşyna gatnaşar. Tamamlanmagyna iki tapgyr galan çempionatda häzir bu toparlaryň ikisinde hem 48 utuk bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň