Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2019: türkmen derbisinde «Ahal» «Altyn asyry» ýeňdi

22:1226.11.2019
0
4404

Şu gün «Aşgabat» stadionynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynyň 23-nji tapgyrynyň senesi üýtgedilen duşuşygynda çempion «Altyn asyr» «Ahaldan» 1:3 hasabynda asgyn geldi.

Dördünji aýlawyň merkezi duşuşygy, başgaça aýtsak, «Türkmen derbisi» Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň çözgüdi bilen tertipnamada bellenilen gününden 26-njy noýabra geçirilipdi.

Duşuşykda «Ahalyň» pökgülerini Pirmyrat Sultanow, Didar Durdyýew we Gurban Annaýew geçirdi. «Aragatnaşykçylaryň» ýeke-täk pökgüsini 11 metrlik jerime urgusyndan Myrat Annaýew geçirdi. Bu duşuşykdan soňra «Ahalyň» hüjümçisi Didar Durdyýew 12 gol bilen netijeli futbolçylaryň sanawynda ýene-de birinji orna geçdi.

Bu duşuşykdan soňra utugyny 45-e çykaran «Ahal» ýaryşyň ikinji basgançagyndaky «Şagadam» bilen aralygy 3 utuga çenli ýygyrdy. Öňde galan üç tapgyrda bu iki topar çempionatyň kümüş medaly ugrunda göreşer.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň