Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow «Türkmenhowaýollaryna» Ýewropanyň iri şäherlerine gatnawlary amala aşyrmak meselesini öwrenmegi tabşyrdy

05:0815.10.2019
0
2852

14-nji oktýabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylaryň ünsüni  EASA-nyň bilermenleri tarapyndan uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde degişli awiasiýa gulluklarynyň hem-de Aşgabadyň Halkara howa menziliniň işine geçirilen barlaglaryň oňyn netijelerine çekip, bu ýagdaýyň ýurdumyzyň howa ulaglarynyň işiniň ýokary derejesine we hiline şaýatlyk edýändigini, munuň bolsa Ýewropa ugrunda ýolagçylary gatnatmagy ýola goýmaga mümkinçilik berýändigini nygtady ― diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany «Türkmenhowaýollary» agentliginiň hojalyk hasaplaşygynda işleýändigini nazara almak bilen, wise-premýer B.Öwezowa agentligiň ýolbaşçylary bilen Ýewropa Bileleşiginiň şäherlerine dürli ugurlar boýunça gatnawlary amala aşyrmak meselesini düýpli öwrenmegi tabşyrdy. Bu meselede bazar nyrhlaryndan ugur alynmalydyr. Şoňa görä-de, gatnawlara ediljek çykdajylar we şolardan geljek girdejiler hem nazara alynmalydyr. Munuň howa gatnawlaryny amala aşyrýanlar üçin-de girdejili bolmagy göz öňünde tutulmalydyr.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow işlere toplumlaýyn esasda çemeleşmek arkaly Ýewropa döwletleriniň şäherlerine uçuşlary amala aşyrmak meselesini düýpli öwrenmek üçin iki aý möhlet berip, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygyna degişli meýilnamany taýýarlamak barada anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutany şunda ýolagçylar üçin hem ähli amatlyklaryň döredilmelidigine ünsi çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň