Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň ozalky Prezidenti Žak Şiragyň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi

21:2230.09.2019
0
11616

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Fransiýa Respublikasynyň ozalky Prezidenti Žak Şiragyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç hatyny iberdi – diýip, TDH habar berýär.

Hatda Žak Şiragyň görnükli syýasatçy we döwlet işgäri bolandygy, Fransiýa Respublikasynyň hem-de onuň halkynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän uly işleri bitirendigi bellenilýär. Döwlet Baştutany şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna, şeýle hem Fransiýanyň dostlukly halkyna ýürekden duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň