TÝL - 2019: "Şagadam" ikinji orny "Ahala" gidirmedi

17:5329.09.2019
0
5163

Düýn Balkanabatda, Aşgabatda we Maryda geçirilen üç duşuşyk bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 20-nji tapgyrynyň duşuşyklaryna badalga berildi. Tapgyryň ilkinji gününde geçirilen duşuşyklaryň ikisinde myhmanlar, birinde ýer eýeleri ýeňiş gazandy.

Balkanabatdaky 10 müň orunlyk sport toplumynda paýtagtymyzyň adybir toparyny kabul eden «Nebitçi» garşydaşyndan 1:2 hasabynda asgyn geldi. Myhman topardan Boris Iwanowyň 8-nji minutda geçiren pökgüsine «Nebitçi» 54-nji minutda Aşyrgeldi Ylýasowyň 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren goly bilen jogap beren hem bolsa, 65-nji minutda Wekil Kadyrow «Aşgabady» hasapda ýene öňe çykardy. Bu duşuşykdan soňra utugyny 20-ä çykaran «Aşgabat» özi bilen deň utukdaky garşydaşy «Nebitçi» bilen birlikde 6-njy we 7-nji orunlary paýlaşýar.

«Aşgabat» stadionynda geçirilen duşuşykda bu möwsümiň hem kümüş medaly üçin göreşýän «Ahal» ýaryşyň iň soňky ornundaky «Merwi» 1:0 hasabynda ýeňdi. Amangylyç Koçumowyň toparynyň ýeke-täk ýeňiş pökgüsini duşuşygyň 23-nji minudynda Gurban Annaýew geçirdi. Bu ýeňişden soňra «Ahal» utugyny 37-ä çykaran hem bolsa, ikinji orundaky «Şagadamyň» hem ýeňiş gazanmagy bilen, ýene-de üçünji orunda galdy.

Geçen tapgyrda öz meýdanynda «Nebitçiden» 2:3 hasabynda asgyn gelen «Energetik» bu gezek hem Balkan welaýatyna wekilçilik edýän topary kabul edip, garşydaşyndan ýene-de ýeňildi. Mary şäherindäki «Energetik» stadionynda geçirilen duşuşyk «Şagadamyň» 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

  Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

“Nebitçi” – “Aşgabat” – 1:2

Gollar: 54 Aşyrgeldi Ylýasow – 11 m.j.u. (“Nebitçi”) – 8 Boris Iwanow, 65 Wekil Kadyrow (“Aşgabat”)

Duýduryşlar: 26 Seýitmämmet Hojamämmedow, 28 Myratberdi Berenow, 59 Elýas Akyýew (“Netbitçi”) – 63 Nazar Towakelow, 90+3 Azat Rahmanow (“Aşgabat”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: N.Garajaýew (Aşgabat ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: E.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)

Tomaşaçy sany: 300

 

 “Ahal” – “Merw” – 1:0

Gol: 23 Gurban Annaýew (“Ahal”)

Duýduryş: 80 Abdy Bäşimow (“Ahal”)

Geçirien ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 300

 

 “Energetik” – “Şagadam” – 1:3

Gollar: 49 Döwletgeldi Mirsultanow (“Energetik”) – 1 Baýramgeldi Nurlyýew – 11 m.j.u., 26 Ata Geldiýew, 47 Kerim Hojaberdiýew (“Şagadam”)

Duýduryşlar: 1 Şaweli Seýitkuliýew, 24 Söhbet Allanurow, 85 Maksat Atagarryýew (“Energetik”) – 45+2 Aşyrgeldi Saryýew (“Şagadam”)

Geçirilen ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Jumaýew (Aşgabat ş.), Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Saparow (Mary ş.)

Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 750.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň