Dubaýda Türkmenistanyň Baş konsullugy açylar

23:4030.08.2019
0
6853

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek hem-de ilata konsullyk işi boýunça netijeli hyzmat edilmegini üpjün etmek maksady bilen, şeýle hem “Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerinde (Dubaý şäheri) Baş konsullygyny açmak bellenildi.
Mundan ozal Abu-Dabi şäherinde Türkmenistanyň ilçihanasy işleýärdi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň BAE-däki diplomatik edaralarynyň sany ikä çykdy. 
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň