Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gülşat Gurdowa: “Biz Parahat Amandurdyýew bilen "Dilberim" diýen aýdyşyk şekilinďäki aydymy taýýarladyk”

00:1614.08.2019
0
11404

Türkmenistanyň halk artisti Gülşat Gurdowa Ilkinji Hazar Ykdysady Forumynda “Türkmenportal” saýtynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde boldy.

- Siz bugün Rossiýanyñ we beýleki Hazar yaka ýurtlarynyñ yldyzlary bilen bilelikde Türkmenistandaky şu ýylyñ esasy çäreleriniñ birisi bolan Ilkinji Hazar Ykdysydy Forumynda çykyş edýäñiz we nähili duýgulary biz bilen paýlaşyp bilersiñiz?
Şugün Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Ilkinji Hazar Ykdysady Forumy geçirilýär. Ençeme daşary ýurtlardan myhmanlarymuz geldip gatnaşýarlar. Arkadagymyzyñ özüniñ gatnaşmagy bilen bu uly dabaraly çäre geçirilip dur. Şol dabara mynasybetli biz uly konsert taýýarladyk. Bu konserte diñe öz milli aýdymçylarymyz dälde, daşary ýurtly ýyldyzlarymyz hem bar. Şol myhmanlar we kärdeşlerimiz bilen çykyş etmeklik üçin gaty gowy taýynlyklaey gördik. 
- Nähili aýdymlar bilen halkyñ göwnüni götermekçi?
- Men estrada aýdymçysy bolanlygym sebäpli gowy estrada aýdymlaey taýýarladyk. Öz watanymyzy wasp edýän aýdymlar hem aýdylýar. Biz Parahat Amandurdyýew bilen "Dilberim" diýen aýdyşyk şekilinďäki aydymy taýýarladyk. Aýdymymyz her kiminiñ göwnüne ýarar diýip umyt edýärin. Gurban baýramlaryñyz gutly bolsun, hemişede toý- baýramlar ýañlanyp dursyn. Halkymyz hemişe güler ýüzli bolsun tüýs ýürekden arzuw edýän. 
-Çagajyklaryñyz bilen gelipsiñiz, deñizde nähili dynç aldyñyz? 
Her ýylam öz Awazamyza gelip dynç alýas. Çagalaram uly höwes bilen dynç almaga gaýtýarlar. Öz ýurdumyzda şeýle ýeriñ bardygyna buýsanýarys. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň