Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti "Aşgabat - sitiniň" taslamasy bilen tanyşdy

06:5821.06.2019
0
21268

Düýn - 20-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäher häkimligine baryp, ýurduň baş şäherini ösdürmegiň, hususan-da, Aşgabadyň demirgazyk böleginde täze iri möçberli toplumyň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy. Milletiň Lideri döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de öňümizdäki halkara ähmiýetli wakalara, şol sanda ýurdumyzda iri senagat toplumynyň açylyşy bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.

200 binadan gowrak bolan ägirt uly toplumy gurmaga bölünip berlen umumy meýdan 744 gektara barabardyr. Dürli belentlikdäki — 12 gatdan 35 gata çenli diňe ýaşaýyş jaýlarynyň 180 sanysyny gurmak maksat edinilýär. Şolardaky öýleriň sany 17 müň 836 bolar. Umuman, tutuş etrap 107 müňden gowrak ilata niýetlenendir. Ýakyn ýyllarda Aşgabadyň demirgazygynda dolandyryş binalarynyň, hyzmat ulgamynyň edaralarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň, medeniýet merkezleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de beýleki durmuş maksatly desgalaryň toplumyny özünde jemleýän täze şäher peýda bolar.

Ähli binalaryň we desgalaryň binagärlik taslamalary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Aşgabat şäher häkimligi, Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary hem-de talyplary tarapyndan taýýarlanyldy.

Deslapdan «Aşgabat — siti» adyna eýe bolan täze şäheriň hödürlenen taslamasynda etrap häkimliginiň hem-de beýleki döwlet edaralarynyň binalarynyň, 3 müň orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň 4-siniň we körpeleriň 1200-sini kabul etmäge niýetlenen çagalar baglarynyň hem 4-siniň, şeýle hem Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Daňatar Öwezow adyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň binalarynyň gurulmagy göz öňünde tutulýar.

Durmuş düzümli desgalaryň hatarynda köpugurly hassahana, saglyk öýleriniň ikisi, söwda-dynç alyş merkezleriniň ikisi, dükanlar we garbanyşhanalar, stadion hem-de sport toplumy, «Toý mekany» dabaralar merkezi, köpgatly awtoduralgalaryň dördüsi bar. Şeýle hem bu ýerde «Türkmenbaşy» we «Halkbank» döwlet täjirçilik banklarynyň şahamçalary şäheriň ilatyna hyzmat eder.

Ýaşaýyş toplumy jaýlaryň sekiz görnüşini öz içine alýar: her birinde 150 öý boljak 15 gatly binalaryň ikisi, her biri 54 öýli 12 — 15 gatly binalaryň 42-si, her biri 40 öýli 20 gatly binalaryň 12-si, 88 öýli 21 — 23 gatly jaýlaryň 56-sy hem-de her birinde 88 öý boljak şeýle gatly binalaryň 36-sy, daşky keşbi bilen tapawutlanýan, her birinde 75 öý ýerleşjek 25 gatly jaýlaryň 16-sy, 140 öýli 35 gatly binalaryň 4-si hem-de her birinde 136 öý ýerleşjek 33 — 35 gatly binalaryň 12-si bolar. Daşky keşbi boýunça jaýlaryň ählisi umumy çözgüde eýedir we öň tarapynyň bezegi, sazlaşygy bilen biri-birinden tapawutlanýar.

Häkimligiň kiçi maslahatlar zalynda döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hem-de ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, senagat kuwwatlyklaryny artdyrmagyň, halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynda Owadandepedäki täze önümçilik toplumynyň açylyş dabarasyna we Türkmenistanyň Prezidentiniň Tatarystan Respublikasyna boljak iş saparyna görülýän taýýarlyk, Aşgabat şäheriniň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek ýaly meselelere seredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň