45 ýaşly horwatiýaly hünärmen Rober Grdowiç Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasyndan Turkmenportala habar berdiler. Tälimçi bilen gepleşikler TFF-niň baş direktory Arslan Aýnazarowyň Horwatiýanyň Futbol federasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Damir Wrbanowiç bilen Zagrebdäki duşşuyklarynyň çäginde geçirildi.
Rober Grdowiç 1974-nji ýylyň 23-nji fewralynda Germaniýanyň Zindelfingen şäherinde dünýä indi. Ol dürli ýyllarda “Uspinýaça” (Horwatiýa), “Kalýari” (Italiýa), “Žensano” (Italiýa), “Petar” (Horwatiýa), “Gostiç” (Horwatiýa), “Brodospilt Inženering” (Horwatiýa), “Zapad” (Horwatiýa) ýaly futzal toparlarynda oýnap, 2011-nji ýylda karýerasyny tamamlady.
Ol Horwatiýanyň milli ýygyndysynda hem baý tejribe toplady. Milli ýygyndy bilen 56 duşuşykda 38 gezek tapawutlanan hünärmen 2000-nji ýylda kiçi futbol boýunça dünýä çempiony, 1999 we 2001-nji ýyllarda bolsa Ýewropanyň çempiony boldy.
Tälimçilige başlansoň bolsa “Zapad”, “Nasional” ýaly toparlary türgenleşdirdi.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, 2020-nji ýyldaky Aziýa çempionaty Aşgabatda geçiriler. Horwatiýaly hünärmeniň öňünde goýlan esasy wezipe Türkmenistanyň futzal ýygyndysynyň paýtagtymyzda geçiriljek yklym ýaryşynda üstünlikli çykyş etmegini ýola goýmakdyr.