Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 4 — 15-nji marty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw maslahaty geçiriler.
Indi Awazada ýedinji gezek geçiriljek forumyň esasy maksady Hazaryň täsin ekologiýa ulgamyny, baý biologik dürlüligini hem-de kenarýaka landşaftlaryny aýawly saklamakdan ybaratdyr.
Awazada geçiriljek forum daşky gurşawy goramak meselelerine garamak hem-de olaryň oňyn çözgütlerini işläp taýýarlamak üçin oňat meýdança öwrüler.