Türkmenistanda jemgyýetiň aň-bilim derejesini ýokarlandyrmak, türkmen dilini we edebiýatyny, milli baýlygymyz bolan golýazma mirasymyzy ylmy taýdan öwrenmegi has-da çuňlaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutyny hem-de Milli golýazmalar institutyny goşup, olaryň binýadynda Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty döredildi.
Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň hem-de Milli golýazmalar institutynyň hukuk oruntutary diýlip kesgitlenildi.
Ylymlar akademiýasyna Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty hakyndaky düzgünnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.
Ylymlar akademiýasyna Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
Soňky habarlar
Arhiw
TYA-nyň Dil we debiýat hem-de Milli golýazmalar institutlary birleşdirildi
01:2930.01.2019
0
8890
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň