Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti goşun görnüşleriniň şahsy düzümlerine söweşjeň baýdaklary gowşurdy

14:0211.05.2018
0
6646

10-njy maýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň, Döwlet serhet gullugynyň serhet birikmeleriniň baýdaklaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumynda şu dabara gatnaşýan harby gullukçylar nyzama düzüldiler. Bu çäräniň bitewi dabara hökmünde ýurdumyzda ilkinji gezek bellenilýän Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda bellenilýändigi dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Bu baýramçylyk halkymyzyň ruhy we watançylyk däpleriniň dowamatlylygyny alamatlandyrýar.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Guryýer goşunlarynyň, Harby-howa güýçleriniň we Howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň, Harby-deňiz güýçleriniň serkerdelerine baýdaklary hem-de Serhet gullugynyň aýry-aýry serhet birikmeleriniň söweşjeň baýdaklaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Serkerdeler harby kasama, ata Watanymyza we mähriban halkymyza wepalylygyň, mähriban topragymyzy kükrek gerip goran gaýduwsyz ata-babalarymyzyň şöhratly söweşjeň däplerini dowam etmäge taýýarlygyň nyşany hökmünde mukaddes baýdaga tagzym etdiler.

Soňra serkerdeleriniň ýolbaşçylygynda baýdak göterijileriň toparlary söweşjeň baýdaklary bilen dabaraly ýöriş sazynyň owazynyň astynda çärä gatnaşyjylaryň öňünden nyzamly ýöräp geçdiler.

Harby birikmeleriň baýdaklaryny we söweşjeň baýdaklary gowşurmak dabarasy tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlendi.

Milli Liderimiz bu söweşjeň baýdaklaryň Watan goragçylarynyň buýsanjy we şöhraty bolmak bilen, ýurdumyzyň asudalygyny goramakda olaryň söweşjeň ruhuny has-da belende göterjekdigini, berkarar Watanymyza öçmejek söýgi döretjekdigini aýtdy. Şöhratly taryhymyzda baýdaga hemişe mukaddeslik hökmünde garalypdyr. Ähli döwürlerde-de goşunyň buýsanjy hasaplanylýan söweşjeň baýdaga tagzym edilýär, onuň öňünde Watana wepalylyk kasamy kabul edilýär diýip, Belent Serkerdebaşymyz nygtady.

Dabara gatnaşyjylar Belent Serkerdebaşymyza milli goşuny, harby we hukuk goraýjy düzümleri kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak meselelerine berýän uly ünsi üçin hoşallyk bildirip, wepalylyk kasamyny ýerine ýetirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara eziz Watanymyza gulluk etmek ýaly asylly işlerinde üstünlikler arzuw edip, olar bilen mähirli hoşlaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň