Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti “Gala” medeni-dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

19:5030.06.2017
0
27880

29-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş ulgamynyň täze desgasynyň – paýtagtymyzyň Arçabil etrabynda bina edilen “Gala” medeni-dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze bina Köpetdagyň belent dag depeleriniň golaýynda ajaýyp jülgede peýda boldy. “Gala” medeni-dynç alyş merkezi ýerli tebigat aýratynlyklar bilen sazlaşyp, Aşgabatda hem-de tutuş ýurdumyzda kemala gelýän häzirki zaman düzüminiň üstüni ýetirip, halkymyzyň däp bolan myhmansöýerliginiň aýrylmaz bölegi bolup durýan dynç alyş ulgamynyň desgalarynyň birine öwrüler.

Bu özboluşly taslamanyň ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň tagallalary bilen ýerine ýetirilendigini bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk böleginiň işini höweslendirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça bu ugurda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça möhüm çäreler durmuşa geçirildi, ýurdumyzyň hususy telekeçiligini goldamagyň anyk konsepsiýasy işlenip taýýarlanyldy.

Täze taryhy eýýamda telekeçiler Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna uly goşant goşýarlar, gurluşyk, senagat, oba hojalyk, syýahatçylyk, söwda, hyzmatlar we beýleki ulgamlarda üstünlikli işleýärler, şunda iň gowy işewürlik taraplaryny görkezýärler. Ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümçiligi ýola goýmak, haryt we azyk bolçulygyny döretmek wezipeleriniň netijeli çözülmeginde hususy telekeçilige aýratyn orun degişlidir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hemmetaraplaýyn goldawy üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etmek bilen, dürli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Işlerinde öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de innowasiýa işläp taýýarlamalary peýdalanýarlar.

Dabaranyň başlanmagynyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyz daşary ýurtly myhmanlardan, daşary ýurt kompaniýalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylaryndan, şol sanda “Sifal”, “Areti”, “KAMAZ” açyk paýdarlar jemgyýeti, “Tatneft” paýdarlar jemgyýeti, “Çalyk Holding”, “Polimeks”, Rönesans Holding”, “NATA”, “Hyundai Engineeniring Сo. Ltd.”, “Altkom” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet, “Interbudmontaž” ýaly daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryndan gutlaglary kabul etdi. Olar hormatly Prezidentimizi 60 ýaşynyň dolmagy bilen gutlap, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan köptaraply işinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň halkara işewür toparlarynyň wekilleri bilen dürli pudaklarda özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklary üçin hemişe açykdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urýan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtap, işewürler özleriniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýalarynyň täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga we öz tejribelerini hem-de mümkinçiliklerini teklip etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Soňra milli Liderimiz täze desganyň açylyş dabarasynyň geçýän ýerine tarap ugrady.

Hormatly Prezidentimiz dabaranyň geçýän ýerine pyýadalap barşyna ýaşajyk skripkaçylaryň sazyny diňledi we olaryň ýaňlandyran hoş owazyna minnetdarlygyň nyşany hökmünde süýji nygmatlary hödür etdi.

Soňra dabara gatnaşýan tüýdükçiler milli gargy tüýdüklerinde baýramçylyga mahsus sazlary ýerine ýetirdiler. Hatara gurlan ak öýleriň ýanynda gopuzçy gyzlaryň joşgunly sazlary bu ýerde guralan dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Sazandalar toparyndan düzülen orkestr häzirki zaman sazlary bilen dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Olaryň ýerine ýetirýän joşgunly sazlary dutarçylaryň halk äheňleri bilen utgaşyp, ajaýyp sazlaşygy emele getirdi.

Şeýle hem bu ýerde türkmen türgenleriniň görkezme çykyşlary, sportuň milli görnüşleri ýaýbaňlandyryldy. Aziada-2017-ä degişli derejede taýýarlyk işlerini alyp barýan türkmen türgenleri özleriniň çykyşlary bilen baýramçylygyň täsirliligini artdyrdylar.

Täze medeni-dynç alyş toplumynyň öňünde ajaýyp baýramçylyk ýagdaýy emele geldi.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi ägirt uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.

Täze binanyň öňünde sahnalaşdyrylan ajaýyp tomaşa ýaýbaňlandyrylýar, onda türkmen halkynyň şöhratly taryhy çeper beýanyny tapýar. Artistler özleriniň joşgunly çykyşlary bilen gülläp ösýän eziz Watanymyzy hem-de milli Liderimizi – Gahryman Arkadagymyzy wasp edýärler, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz durmuşyň ähli ulgamlarynda görlüp-eşidilmedik üstünlikler gazandy hem-de parahatçylygyň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe barýar.

Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär: hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesýär—“Gala” medeni-dynç alyş merkezi açylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda bina edilen bu toplumy gurmak üçin 3,21 gektar ýer bölünip berildi. Desganyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga öwrüldi. Bu ýerde şeýle hem pyýadalar üçin köpri hem-de awtomobil köprüsi, awtoulag serişdeleri üçin duralga göz öňünde tutuldy. Häzirki zaman inženerçilik-tehniki ulgamlar toplumyň durmuş üpjünçiligini amala aşyrar.

“Gala” medeni-dynç alyş merkezi Köpetdagyň etegine golaý ýerleşýär, munuň özi onuň aýratyn özüneçekiji bolmagyna täsirini ýetirýär. Bu ýere gelýänler diňe bir oňat dynç almak hem-de wagtyňy gyzykly geçirmek bilen çäklenmän, ýerli tebigat gözelliklerini synlap, tämiz dag howasyndan dem alarlar.

Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän anyk durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary nukdaýnazaryndan myhmansöýerlik we dynç alyş düzümleriniň ösdürilmeginiň häzirki wagtda Türkmenistanda täze depgine eýe bolandygyny nygtamak möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, türkmenistanlylaryň, şeýle hem ýurdumyza barha köp gelýän daşary ýurtly myhmanlarymyzyň göwnejaý medeni dynç almaklary üçin aňrybaş mümkinçilikleriň döredilmegine uly ähmiýet berilýär. Şu maksatlar bilen, ýurdumyzyň hyzmatlar ulgamynyň ýokary halkara ölçegleri derejesine çykarylmagyna gönükdirilen iri göwrümli meýilnamalar durmuşa geçirilýär, munuň özi hem durmuş-medeni maksatly täze desgalaryň gurulmagyny, restoran we myhmanhana işewürliginiň höweslendirilmegini talap edýär.

Soňky ýyllarda çäkleri barha giňelýän türkmen paýtagtynyň häzirki zaman dynç alyş ulgamynyň düzümleri işjeň kemala gelýär. Muňa Aşgabat şäheriniň amatly – Köpetdagyň täsin dag ulgamlary bilen ýakynlykda ýerleşmegi hem oňyn täsir edýär. Bu ýerde dynç alýanlaryň arasynda, esasan-da, tomus möwsüminde tämiz howaly täsin jülgeler hem-de dag etekleri uly meşhurlyga eýedir. Aşgabatlylar we ýakynda ýerleşýän obalaryň ýaşaýjylary bu ýerde maşgalalary bilen dynç günlerini uly höwes bilen geçirýärler.

Şäherlileriň dynç almagy halaýan ýerleriniň ýene biri hem Gökderedir. Türkmen tebigatynyň bu täsin künjeginde çagalar sagaldyş merkezleriniň tutuş şäherjigi peýda boldy, her ýyl tomus dynç alyş möwsüminde ýurdumyzyň ähli sebitlerinden mekdep okuwçylarynyň müňlerçesi bu ýerde dynç alýarlar.

Indiden beýläk “Gala” medeni-dynç alyş merkezi paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň ygtyýarynda bolar. Bu merkez gürrüňsiz suratda ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp künjekleriniň üstüni ýetirer. Onuň binagärlik keşbinde öz köklerini müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli binagärligiň gadymy ýörelgeleri öz beýanyny tapdy.

Hormatly Prezidentimiz täze toplum bilen tanyşlygyň dowamynda merkeze gelýänler üçin döredilen şertlere aýratyn üns berdi, şunda medeni taýdan hyzmat bilen bir hatarda oýlanyşykly işlenip taýýarlanan daşky we içki bezeg, şeýle hem ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylmagy uly ähmiýete eýedir.

Iki gatly binada “Jülge”, “Gökdere”, “Dagdan” we “Gaýa”, “Balyk” atly restoranlar hem-de toý dabaralaryny geçirmek üçin “Depe” toý mekany ýerleşýär. Bu ýerde myhmanlara ýokary hilli hyzmat kepillendirilýär hem-de islendik görnüşli tagamlaryň giň toplumy hödürlenilýär. Olaryň arasynda tejribeli aşpezleriň taýýarlajak türkmen milli tagamlary aýratyn orun eýeleýär. Restoranlarda dynç almaga gelýänler üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulan amatly ýagdaý döredilendir.

Aşhanalar degişli häzirki zaman enjamlary, şol sanda önümleriň dürli görnüşlerini saklamaga niýetlenen sowadyjy we doňduryjy enjamlar bilen üpjün edilendir. Önümçilik işlerini ýeňilleşdirmek maksady bilen, dünýä belli “MITSUBISHI” kompaniýasynyň ýörite lifti gurnalypdyr, ol birinji we ikinji gatlaryň arasynda hereket edýär. Şeýle hem ammarlar we beýleki tehniki binalar göz öňünde tutuldy.

Restoranlaryň içki bezeginde milli bezegçilik äheňleri bilen häzirki zaman meýilleri sazlaşykly utgaşdyrylypdyr. Bu ýerde häzirki zaman timarlaýyş we bezeg serişdeleri peýdalanylypdyr, binalaryň her biri öz aýratynlygy bilen tapawutlanýar.

Döwlet Baştutanymyz merkeziň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşmagynyň dowamynda “Gökdere” restoranyny synlady, onuň bezegi gündogar äheňlerinde göze ýakymly reňklerde ýerine ýetirilipdir. Onuň diwarlaryny taryhy wakalary suratlandyrýan şekiller bezeýär.

Ýeri gelende aýtsak, milletimiziň örän baý taryhy medeni mirasy “Gala” medeni-dynç alyş merkeziniň taslamasynyň üstünde işlän binagärler we dizaýnerler üçin esasy ylham çeşmesi bolup hyzmat etdi. Bu ýerde döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz baglanyşygy aýdyň görünýär, ol täsin nagyşlar bilen bezelen binanyň sütünlerinde, diwarlardaky şekillerde hem-de binanyň we onuň ýanaşyk çäkleriniň daşky we içki bezeglerinde öz beýanyny tapdy. Türkmen tebigatynyň täsin gözelligini açyp görkezýän ýokary çeperçilik derejede ýerine ýetirilen surat eserleri we dürli görnüşli bezeg toplumyň umumy görnüşini has-da baýlaşdyrýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz binanyň ikinji gatynda ýerleşýän toý dabaralary üçin niýetlenen “Depe” toý mekanyna baryp gördi. Onuň giň we ýagty zallary bu dabaralary mynasyp derejede geçirmäge kybap gelýär. Oňa birleşýän dalandan belent dag tebigatynyň ajaýyp görnüşi açylýar. Binanyň aýdyň diwarlary hem-de üçegi açylýar. Munuň özi dynç alýanlara zaldan çykmazdan açyk asmanyň astynda dabarany geçirmäge mümkinçilik berýär, agşam aralaşandan soňra bolsa, asmandaky ýyldyzlary synlap, lezzet almak mümkindir, olar daglyk ýerlerde aýratyn ýiti görnüşde görünýär.

Döwlet Baştutanymyz dalana çykyp, toplumyň çäklerini synlady, açyk asmanyň astynda dynç almak üçin niýetlenen, ulular we çagalar üçin ýüzüş howdanlaryny hem öz içine alýan zolagyň abadanlaşdyrylyşyna ünsi çekdi.

Soňra milli Liderimiz ýaş artistleriň çykyşyna tomaşa etdi. Olar hormatly Prezidentimizi “Arkadaga şöhrat!” diýen sözler bilen gutladylar. Ýaşajyk aýdymçylaryň taýýarlan joşgunly aýdym-sazly çykyşlary milli Liderimiziň doglan gününe ajaýyp döredijilik sowgady hem-de ýaş türkmenistanlylaryň abadançylygy we bagtyýar durmuşy ugrunda hemmetaraplaýyn aladasyna çuňňur hoşallygyň özboluşly beýany boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş eden çagalary mähirli gutlap, toplum bilen tanyşmagyny dowam etdi we “Jülge” restoranyna baryp gördi, ol ýakymly açyk reňklerde bezelipdir.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz şanly waka mynasybetli Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Döwlet Baştutanymyz “Gala” merkezi bilen tanyşlygynyň barşynda bu ýere gelýänlere ýokary medeniýetli hyzmatyň üpjün edilmeginiň, adamlaryň rahat dynç almagy we wagtyny gyzykly geçirmegi üçin ähli şertleriň döredilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halky gadymy döwürlerden bäri öz dostanalygy hem-de myhmansöýerligi bilen meşhurdyr, bu ýörelgeler nesilden-nesle geçirilip, täze taryhy eýýamda mynasyp dowam etdirilýär. Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, dünýäniň beýleki döwletleri hem-de iri halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär. Soňky ýyllarda biziň ýurdumyz hem-de onuň ak mermerli paýtagty halkara derejeli iri çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Munuň özi bolsa Türkmenistana gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň sanynyň artmagyna getirdi. Ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamy okgunly ösdürilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şunda hyzmatlaryň we myhmansöýerligiň ýokary derejesiniň ýurdumyzyň özboluşly abraý nyşany bolmalydygyny belleýär.

Esasy binadan başga-da, “Gala” toplumyna şeýle hem edara binasy girýär. Onda iş otaglaryndan başga-da, “Deňiz önümleri” kafesi ýerleşdirilipdir. Bu kafede balyk önümleriniň dürli görnüşleri hödür ediler.

Şonuň bilen birlikde, ajaýyp ýüzüş suw howdanlary, şol sanda baryň golaýynda ýerleşen hem-de açyk howada dynç almak üçin niýetlenen žakkuzi bu ýere gelýänleriň ygtyýarynda bolar. Dynç alýanlara şeýle hem dürli tagamlar we sowuk içgiler hödür ediler.

Taslamany düzüjiler körpeleri hem ýatdan çykarmandyrlar. Olaryň ygtyýarynda akwaparky bolan ýüzüş suw howdany hem-de körpejeleri suwa çümdürip çykarmak üçin howdanjyk bolar. Bu ýerde wagtyňy şadyýan geçirmek üçin ähli şertler döredilendir. Şeýlelikde, “Gala” medeni-dynç alyş merkezinde maşgala bolup dynç almak üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulandyr.

Şeýle hem toplumyň ýanaşyk ýerlerini bezeg işleriniň her bir bölegine döredijilikli çemeleşilendigi görünýär. Bu ýerde gündogar äheňlerinde ýerine ýetirilen telärler bar, pyýadalar üçin ýodajyklar çekilipdir, ýaşyl zolaklar döredilipdir. Bezeg çyralary oturdylypdyr hem-de güller ösüp oturan küýzejikler goýlupdyr. Bu ýerdäki çeşmejik we emeli şaglawuk ýerli künjegiň aýdyň bezegine öwrüldi. Kiçijik heýkeltaraşlyk eserleri hem ünsi özüne çekýär. Bu ýerde birnäçe ýönekeý arkalar bilen bezelen toý tutýan ýaşlar üçin ýürek şekilindäki ýadygärlik surata düşmek üçin niýetlenen täsin künjek bar.

Toplumyň çäklerinde köpsanly agaç nahallary oturdylypdyr. Munuň özi amatly ekologiýa ýagdaýynyň döredilmegine ýardam berer. Agaç nahallary damja we ýagyş usulynda suwarylar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, dynç alyş düzümleriniň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine täzeçe pikirlenmek bilen çemeleşilmelidir, şunda binanyň estetiki görnüşi hem-de dynç almaga gelýänler üçin aňrybaş amatlyklaryň döredilmegi esasy talap bolup durýar. Bu ulgamyň desgalary meýilleşdirilende hem-de gurlanda her bir ýagdaý – binagärlik we bezeg çözgütleri, timarlamagyň reňk aýratynlyklary, içki bezeg, mebelleşdirmek, enjamlaşdyrmak we beýlekiler göz öňünde tutulandyr.

Restoranlar barada aýdylanda bolsa, olar diňe bir jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary bolman, adamlaryň dynç almaga, söhbetdeşlige, durmuşlaryndaky ähmiýetli wakalary bellemäge, şeýle hem işewürlik duşuşyklary geçirmäge gelýän ýerleridir. Şol sebäpli hem restoranlaryň tagam sanawlary dürli naharlaryň giň görnüşini, şol sanda milli aşpezlik sungatynyň tagamlaryny öz içine almalydyr, ol türkmen halkynyň baý medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, onuň köpasyrlyk taryhy hem-de özboluşly durmuş gurluşynyň gönüden-göni beýanydyr. Gadymdan gelýän kadalar boýunça tagamly naharlary taýýarlamagyň sungaty aýawly saklanylýar hem-de nesilden-nesle geçirilýär, olar ýurdumyzyň restoranlaryň özboluşly nyşany bolmalydyrlar. Tagamlaryň sanawy oýlanyşykly düzülende, ol daşary ýurtly myhmanlarymyzyň hökmany suratda göwnünden turar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda myhmansöýerlik ýörelgeleriniň aýrylmaz bölegi bolup durýan düzümleriň, hususan-da, restoranlaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ösdürmek maksady bilen, bu ulgamdaky iň gowy tejribäni hem-de öňdebaryjy dolandyryş usulyýetini öwrenmek, ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak, hyzmat etmegiň ýokary medeniýetini hem-de hiliniň üpjün edilmegine gönükdirilen innowasiýa tehnologiýalary işe ornaşdyrmak zerurdyr.

“Gala” medeni-dynç alyş merkezi bilen tanyşlygyny tamamlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň geçirilýän ýerine geldi.

Belli artistler we “Dokmaçylar”, “Galkynyş”, Meňli”, Näzli”, “Laçyn”, “Serpaý”, “Miras”, “Dehistan” hem-de beýleki iň gowy döredijilik toparlary eziz Watanymyzy we milli Liderimizi, täze taryhy eýýamyň belent döredijilik ruhuny, onuň ägirt uly özgerişliklerini we üstünliklerini, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda agzybir we mäkäm jebis türkmen halkynyň ösüş ýolunda ýeten belent sepgitlerini wasp etdiler. Aýdym-sazly, tansly çykyşlar häzirki zaman ýörite saz tehnologiýalary arkaly döredilýän aýratyn öwüşginler bilen utgaşdyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine we sazyna döredilen “Ak güllerim saňa”, “Leýli saç barada rowaýat”, “Kalbymda sen” we “Bagt nury” ajaýyp aýdymlary aýratyn joşgun hem-de ruhubelentlik bilen ýaňlandy.

“Toý gününde küştdepeliň” atly çykyş konserte özboluşly we gaýtalanmajak öwüşgin çaýdy. Häzirki wagtda milli medeni mirasyň aýrylmaz bölegi bolan gadymy däp-dessury alamatlandyrýan “küştdepdi” Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne kybaplykda täze many-mazmuna eýe bolýar. Emele gelen däbe görä, ýurdumyzda geçirilýän ähli dabaralarda bu tans ýerine ýetirilýär.

Milli Liderimiziň döreden hem-de baýramçylyk konsertine gatnaşanlaryň ählisi tarapyndan ägirt uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirilen “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” belent watançylyk ruhuna ýugrulan aýdymy konsertiň ajaýyp jemlenmesi boldy.

Aýdym-sazly dabara tamamlanandan soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň