Biitden gigabaýta, gigabaýtdan ýottabaýta çenli...

0
6198

Uzynlygyň, agramyň, tizligiň, göwrümiň, wagtyň, ýagtylygyň, kuwwatyň, garaz, ähli zadyň öz ölçeg birligi bardyr. Şonuň üçin hem ölçeg birlikleri gündelik durmuşymyzda iň köp ulanylýan sözleriň hataryna girýär. Irki döwürlerde put, gulaç, gary, gez ýaly ölçeg birliklerinden peýdalanylan bolsa, indi olaryň ýerine gram, kilogram, tonna, santimetr, metr, kilometr, litr... ýaly döwrebaplaşan we halkara standartlaryna laýyk gelýän ölçeg birlikleri ulanylýar. Häzirki wagtda bazara baryp “Maňa bir put alma çekip beriň” diýilse, belki-de köp satyjylaryň muňa düşünmezligi mümkin ýa-da mata satýan satyjynyň ýanyna baryp “Maňa bir gulaç biz ölçäp beriň” diýilse, onuň “Näçe metr gerek?” diýip sorajakdygy ikuçsyzdyr. Çünki wagtyň geçmegi bilen dürli ölçeg birlikleri ýüze çykýar we olar halkara derejesinde kabul edilýär.

Biz bu günki gün maglumatlar tilsimaty asyrynda ýaşaýarys. Durmuşymyzyň ähli ugurlaryna ornaşan elektron maglumatlaryň möçberi, olarda ulanylýan ölçeg birlikler tehnologiýanyň ösüş depgini bilen gös-göni baglanyşyklydyr. XX asyr adamzat taryhyna tehnologik ösüşleriň binýadynyň tutulan asyry bolup girdi. Çünki geçen asyrda bolup geçen dürli syýasy we jemgyýetçilik wakalary tehnologiýanyň çalt depginde ösmek zerurlygyny ýüze çykardy. XX asyryň başynda, ýagny 1903-nji ýylda ABŞ-ly doganlar Uraýtlaryň ilkinji hereketlendirijili uçary oýlap tapmaklygy, şol ýyl iňlis alymy Jon Flemingiň ähli elektron enjamlaryň ykbalyny kesgitlän diýotlary işläp düzmekligi, 1907-nji ýylda fransiýaly Paul Kornunyň ilkinji gezek hereketlendirijili dikuçary uçurmagy, 1922-nji ýylda nemes fizigi Artur Korn tarapyndan radio tolkunlar arkaly işleýän faksyň, 1938-nji ýylda bolsa ABŞ-ly Çester Karlson tarapyndan kserokopiýa enjamynyň oýlanyp tapylmagy, 1939-njy ýylda HP kompaniýasy tarapyndan analog maglumatlary sanly maglumatlara öwürýän “Pulse-code modulation” ulgamynyň işlenilip düzülmegi, 1947-nji ýylda sesiň tizliginden hem çalt uçuşyň üstünlikli amala aşyrylmagy, 1951-nji ýylda IBM kompaniýasy tarapyndan ilkinji kompýuterleriň satuwa çykarylmagy, 1957-nji ýylda öňki SSSR tarapyndan “Sputnik 1” atly emeli hemranyň älem giňişligine uçurylmagy, 1961-nji ýylda Ýuriý Gagariniň Ýer şarynyň daşyndan aýlanmagy, 1969-njy ýylda ABŞ-ly Neýl Armstrongyň Aýa aýak basmagy, şol ýyl internet ulgamynyň hem ýüze çykmagy, 1982-nji ýylda Philips we Sony kompaniýalary tarapyndan ilkinji ykjaml diskleriň (CD) öndürilmegi, 1983-nji ýylda Mikrosoft kompaniýasynyň Windows ulgamyny işläp düzmekligi, 1985-nji ýylda mobil telefonlaryň ulanylyp başlanmagy, 1997-nji ýylda ilkinji gezek diňe genleriň üsti bilen Dolly atly goýnuň klonlanylmagy, şol ýyl “Deeper Blue” atly kompýuteriň küşt boýunça dünýä çempiony Kasparowy ýeňmegi tehnologiýanyň bir asyrlyk ösüşiniň gysgaça beýanydyr.

2000-nji ýyldan soňra başlanan tehnologiýa eýýamy özi bilen täze sözleri, täze aňlatmalary getirdi. Bit (bi:t), baýt, kilobaýt, megabaýt, gigabaýt aýratyn hem elektron maglumatlar barada gürrüň edileninde iň köp ulanylýan ölçeg birliklere öwrüldi.

Bitden gigabaýta çenli...

Bit munuň özi elektron maglumatyň iň kiçi ölçeg birligidir. Kompýuter klawiaturadan girizilen maglumatlary “0” we “1” sanlary yzygiderli gaýtalamak bilen elektron maglumata öwürýär. Eger-de kompýutere “A” harpyny girizsek, “A” harpy onuň aňynda 01010110 görnüşinde kodlanylýar. Şol hem kompýuteriň aňynda 1 baýt hökmünde ýerleşýär. Millimetr, santimetr, metr görnüşinde ölçeg birlikleriniň ulalyşy ýaly, elektron maglumatlaryň hem ölçeg birlikleri kiçiden ula şeýleräkdir:

8 bit = 1 baýt

1024 baýt = 1 kilobaýt

1024 kilobaýt = 1 megabaýt

1024 megabaýt = 1 gigabaýt

Biz gündelik durmuşymyzda elektron maglumatlar bilen iş salyşanymyzda gigabaýtdan uly ölçeg birligi ulanmaýarys. Mysal üçin kompýuterde Mikrosoft  Word programmasynda ýazylan bir sahypa ýazgynyň möçberi ortaça 30 kilobaýta deňdir. 7-12 megapiksellik fotoaparatda düşürilen bir suratyň kompýuterdäki möçberi 500 kilobaýt bilen 1 megabaýt aralygyndadyr. CD-leriň sygymy 700 megabaýt, DVD-leriň sygymy bolsa ortaça 4,7 gigabaýtdyr. Soňky döwürde USB birikdiriliş görnüşli elektron maglumat göterijiler has hem ýörgünleşdi. Ilki-ilkiler 128 megabaýtdan başlap, soňy bilen has uly möçberli, ýagny 250–500 gigabaýtlyk, hatda 1 terabaýtlyk (1000 gigbaýt) hem öndürildi.

Gigabaýtdan ýottabaýta çenli...

Tehnologiýanyň şeýle çalt tizlikde ösmegi, elektron maglumatlaryň çenden aşa köpelmegi täze-täze ölçeg birlikleriň ulanylyşa girizilmegini talap edýär. 1024 gigabaýt 1 terabaýty emele getirýär. 1024 terabaýt 1 petabaýty emele getirýär. 1024 petabaýt 1 eksabaýty emele getirýär. Has ýönekeýleşdirip aýtsak, bir eksabaýt munuň özi DVD hilinde surata düşürilen, dowamlylygy 50000 ýyllyk film diýmeklikdir.

2009-njy ýylyň maý aýyndaky hasabata görä 500 eksabaýt tutuş internet ulgamyndaky ähli maglumatlaryň möçberine deňdir. 1 eksabaýtyň 1 milliard gigabaýt möçberindedigini göz öňünde tutsak, onda internet ulgamynyň nä derejede baý maglumata eýedegine akyl ýetirip bileris.

Internet ulgamynda iň gowy gözleg saýtyny ýöredýän “Google” kompaniýasynyň dolandyryş işgäri Tom Stoky häzirki wagtda internet ulgamyndaky maglumatlar barada şeýle diýýär: “Internetdäki 500 eksabaýtlyk maglumat munuň özi 500 milliard gigabaýtlyk elektron maglumat diýmeklikdir. Eger bu elektron maglumatlary kagyza çap etsek, onda çap edilen kagyzlar 8 gezek dünýäniň daşyny örtmäge ýeterdi. Şol kagyzlary bir-biriniň üstüne goýup desseleseň, onuň beýikligi Ýerden Plutona çenli uzaklygyň 10 essesine deň bolardy. Mundan başga-da, Google gözleg saýty şol maglumatlaryň diňe bir bölegini ulanyja ýetirip bilýär. Şonuň üçin Google gözleg saýtynyň üstünde has hem köp işlemeli”.

Aslyýetinde, Google gözleg saýtynda nämedir bir zat barada maglumat almak islesek, dürli dillerde-de bolsa ýeterlik, has dogrusy, artykmajy bilen maglumatlary öňümize oklaýar. Hatda olaryň içinden haýsy birine seretjegiňi hem bilmeýärsiň. Mysal üçin, Google-yň kitaplar bölümide 7 million sany elektron kitap bar. Kartalar bölüminde bolsa dünýäniň 100-den gowrak döwletiniň, hatda köçelerine çenli görmek mümkinçiligi döredilen, şeýle hem bellenilen nokady 2,5 metr ýakynlyga çenli getirip bilýän kartalarynyň bolmagy az zat däldir. Emma entägem Google gözleg saýtynyň internetdäki ähli maglumatlary elýeterli edip bilmeýşi dünýäniň elektron maglumatlar dünýäsiniň Ýer şaryndan hem ençeme esse uludygyny görkezýär. Google-yň wideo şekiller bölüminde bolsa takmynan 10 milliondan gowrak wideo bardyr.

Biz bularyň diňe adyny eşidýäris

1024 eksabaýtyň 1 zettabaýta deňdir. 1024 zettabaýtyň 1 ýottabaýta dendir...

Makalanyň awtory: Şageldi Ýabanow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar