Soňky habarlar

Arhiw

Maglumatlary belläp almagyň peýdalary

0
3037

Tehnologiýanyň ösmegi bilen XXI asyrda adamlar köp adaty zatlardan ýüz öwrüp, tehnologiýanyň iň soňky gazananlaryna örklenäýjek ýaly görünse-de, adatylyk babatynda müňýyllyklardan ybarat ömri bolan kitap, galam, depder... ýaly dünýäniň ykbalyny özgerden gymmatlyklar öz ornuny elektron nesile beýle bir berip baranok. Hernäçe täze tehnologiýalar ulanmaga ýönekeý bolsa-da, amatly bolsa-da galam we ýandepderçämizi gapdalymyzdan goýmak islemeýändigimiz köpümize mälimdir.

Hawa, käteler gazet-žurnal sahypalarynda “Ýandepderçä belläýmeli pikirler” sözbaşysyna duş gelýäris. Bu sözbaşynyň astyndaky ýazgy özüniň azlygy hem-de uzlygy bilen tapawutlanýar. Çünki ýandepderçä bellenilýän pikirler akyl eleginiň iň ownuk gözlerinden geçirilip, bu sözbaşynyň astynda jemlenýär. Biz olary ýandepderçämize bellik edenimizde has-da gysgaltmaga çalyşýarys. Çünki bellikler gysga, emma olaryň bize ýatladýan pikirleri umman ýaly giň bolmalydyr. Munuň şeýle bolmalydygyny Tomas Edison aradan çykandan soňra onuň yzynda galan 2900 sany ýandepderçe subut edýär. Albert Eýnşteýniň bolsa bir kiçijik ýandepderçesinde onuň 1910-njy ýyldan 1940-njy ýyla çenli üstünde işlän dürli subutnamalarynyň iň ownuk bölejikleri öňünden bellik edilipdir.

Bellik tutmak zerurlygy haçan ýüze çykýar?

Günüň dowamynda etjek işlerimizi meýilnamalaşdyrmakda, nämedir bir zatlary okanymyzda onuň ýüregimize jüňk bolan ýerini belläp almakda, ders wagtynda ýa-da möhüm kimdir biri bilen söhbetdeş bolup, onuň her bir aýdýan sözüni ýatda saklamaga çalyşmakda, şeýle-de durmuşda üstünlik gazanmakda bellik tutmak zerurlygy ýüze çykýar. Eger-de ýandepderçäňiz bar bolsa we siz muňa her gün özüňiz üçin zerur bellikleri edýän bolsaňyz, onda bu siziň üstünlige barýan ýoldadygyňyzy aňladýar.

Bellik tutmak – munuň özi pikirleri rejelemek, wagtymyzy tygşytlamak we ünsümizi güýçlendirmekdir. Eger-de okalan maglumatyň 20%-i, okalan hem-de diňlenilen maglumatyň 40%-i, diňlenilenden soňra ýazylyp alnan maglumatyň 60%-i ýatda galýan bolsa, onda bellik tutmak endigini ele almaga edil şu makalany okap oturan pursatyňyzdan başlaň! Derhal golaýdaky çekmeden belki-de köpden bäri ulanmagy ýatdan çykaran ýandepderçäňiziň özüňiz üçin amatly bolan sahypasyna galam dürtüň! Şeýlelikde şu ýerde nygtalýan pikirlere siz ýene-de näçe wagt geçse-de gazeti gözläp ýörmezden ýandepderçäňizden göz aýlap bilersiňiz.

Mekdep okuwçylary we ýokary okuw mekdebiň talyplary üçin bellik tutmak olaryň derslerdäki başarnyklaryny artdyrýar. Bellik tutmak okuwçynyň derse işjeň gatnaşmagyny we bar ünsüni mugallymyň gürrüň berýän temasyna gönükdirmegine ýardam edýär. Ýogsam, käte okuwçy fiziki taýdan synpda, emma pikirleri synpyň daşynda seýran edýär. Emma bellik tutup ders diňlänimizde elimiziň hereketi bilen beýnimizi derse dolulygyna gönükdirip bilýäris.

Bellik tutmagyň görnüşleri haýsylar?

Bellik tutmak 4 görnüşde amala aşyrylyp bilinýär:

Okalan maglumatlary bellik tutmak;
Diňlenilen maglumatlary bellik tutmak;
Seljerilen maglumatlary bellik tutmak;
Pikirleri bellik tutmak.

Okalan, diňlenilen we seljerilen maglumatlary bellik tutmak bize islendik meseläni umumylykda ele almak başarnygyny we netijä has çalt ýetmek başarnygyny gazandyrýar. Pikirleri bellik tutmak bolsa bir pikiriň has-da ajaýyp pikirlere ýol açmagyna we pikirleriň aňymyzda zerurlygyna görä tertiplenmegine şert döredýär.

Bellik tutmakda esasy bolmaly aýratynlyklaryň biri aýdylýan zatlary belläp almak hökmandyr. Emma her bir aýdylýan zady bellejek bolup, soňundan ýandepderçäňize özüňiz düşünmän durmaň! Şonuň üçin hem bellik tutulanda diňe möhüm ýerler we gysga setirler bilen bellenilmeli. 1 minutda 20-25 söz ýazmak başarnygy bolan ýaşlar bellik tutmakda kynçylyk çekmezler.

Eger-de dersde mugallymyň gürrüň berýän maglumaty kitapda bar bolsa, onda siz mugallymyň aýdýan täze beýleki maglumatlaryny depderiňize bellik etmegi öwreniň. Soňra kitapdan öwrenenleriňiziň üstüni depderiňize bellik eden maglumatlaryňyz bilen baýlaşdyryp bilersiňiz.

Dersiň ýa-da islendik bir çykyşyň dowamynda çykyp gepleýän adamyň aýtjak pikiriniň möhümligini onuň şol pikiri aýtmanka gysgajyk säginýändigini ýa-da sesiniň heňini üýtedýändigini duýmak bolýar. Şeýle esasda biz mugallymyň her bir aýdan sözüni belläp almak kynçylygyny ýeňip geçýäris.

Bellik tutmagyň iň esasy aýratynlyklaryny biri hem tutan belliklerimizi käte gaýtalamak we olary mekdepden öýümize baranymyzdan soň has-da arassalap, başga bir depdere göçürmekdir.

Bellik tutmagyň peýdalary

Wagty tygşytlaýar;
Möhüm meseleler babatynda düýpli pikirlenip, netije çykarmaga ýardam edýär;
Aňymyzy we oýlap tapyjylygymyzy güýçlendirýär.
Ýatkeşligi artdyrýar.
Her bir güne meýilnamaly başlamaga ýardam edýär.
Zehinimizi güçýlendirýär.
Elimizde köplenç deliliň bolmagyna ýardam edýär.
Diňe öwrenmekde däl, eýsem, bir zady öwretmekde-de peýdalydyr.
Ýazmak ukybymyzy artdyrýar.
 Maglumatlary dilden gürrüň berenimizde yzygiderligi saklamagy üpjün edýär.

Bellik tutmak bilen baglanyşykly bir beýleki aýdyljak pikir bolsa, bellik tutýan kagyzyňyza senäni goýmagy ýatdan çykarmaň!

ÜSTÜNLIK HEMRAŇYZ BOLSUN!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar