Soňky habarlar

Arhiw

Köpçüligiň öňünde nädip täsirli çykyş etmeli?

0
5368

- Myrat, sen ertirki geçiriljek baýramçylyk dabarasynda çykyş edip, söz sözlemeli...

Ýolbaşçysynyň aýdan soňky sözleri Myradyň gulagyna ilmedi. Onuň bar ünsi “çykyş edip, söz sözlemeli” diýlen ýere siňip gidipdi. Näme barada gürlesemkäm? Kimden kömek sorasamkam? Ýa münbere çykan wagtym ajlyrap, büdräp, köpçülige masgara bolaýarmykam? Oturanlar näme diýerkä? Aýtjak zatlarymy beri ýatda saklap bilermikäm?

Sussupeslige itekleýji şeýle sowallar eýýäm Myradyň kellesini hum ýaly çişiripdi. Aslynda, Myradyň özi kärhananyň iň göreldeli işgäridi. Işinden kem tapýan adam ýokdy. Onuň gep-sözem çöp döwen ýalydy. Emma köpçüligiň öňünde çykyş etmeli diýileninden soňra welin, onuň özüne bolan ynamy düýpgöter ýok bolup ötägitdi. Eýsem, Myrat munuň hötdesinden gelermikä?

Hawa, okuwda, işde, durmuşda ýokardaky ýaly ýagdaýlara köp gabat gelinýär. Çünki köpçüligiň öňünde çykyş etmeklik, täsirli söz sözlemeklik aýratyn ukyby, özüňe bolan berk ynamy talap edýär. Bu ukyp gadymda suhangöýlük sungaty diýlip hem atlandyrylypdyr. Eýsem, sungat derejesine göterilen bu ukyp ynsana dogabitdi berilýärmikä ýa-da ony soňradan hem gazanyp bolýarmyka?

Suhangöýlük sungatynyň taryhy özüniň gözbaşyny juda irki döwürlerden alyp gaýdýar. Mundan 2300 – 2400 ýyl öň grek filosofy Aristoteliň (b.e.ö. 384-322) ýazan “Rhetoric” ýagny, “Sözlemek sungaty” diýlip atlandyrylýan eseri bu ukybyň soňradan edinilip bolýandygyny tassyklaýar we täsirli sözlemek babatynda ençeme gymmatly maglumatlary özünde jemleýär.

Taryha ser salanymyzda suhangöýlük sungatynyň örän möhüm ders hökmünde okadylandygyna şaýatlyk edýäris. Çünki döwrüň patyşalary, soltanlary, serkerdeleri, beýik-beýik şahsyýetleri öz pikirlerini halka aýdyň, düşnükli we täsirli edip ýetirmek üçin bu sungaty ürç edip öwrenipdirler. Olar täsirli sözlemegi, köpçüligiň öňünde özüňi arkaýyn duýup çykyş edip bilmekligi örän uly güýç hasaplapdyrlar. Sözüň gudratyna ynanypdyr. Sözleşip, düşünişip, pikir alyşyp hernäçe kyn meseleleri hem çözüp bolýandygyna akyl ýetiripdirler.

Eýsem, köpçüligiň öňünde çykyş etmek gorkusyny nädip ýeňmeli?

Köpçülikde çykyş etmekden çekinmeýän, aljyramaýan adam barmyka? Meniň pikirimçe ýok bolsa gerek. Çünki ähli kişi hem hernäçe taýýarlykly bolsa-da ilkibada birazajyk aljyraýar. Emma iň esasy zat bu gorkyny, aljyraňlygy diňleýjilere duýdurmazlyk. Eger-de diňleýji sendäki çekinjeňligi, gorkyny duýaýsa, onda ol seniň etjek çykyşyňa däl-de, goýberjek ýalňyşlaryňa ünsüni jemleýär. Şonuň üçin hem ilkinji sözüň, ilkinji jümläň seniň tutuş çykyşyňyň ykbalyny kesgitleýär. Bu diýildigi örän üýtgeşik sözler, hiç eşidilmedik maglumatlar bilen çykyşa başlamaly diýildigi däldir. Çykyş diýseň tebigy bolmalydyr. Durmuş tejribämiz çykyşyň içinden eriş-argaç bolup geçmelidir.

Çykyşyňyzyň temasyny kesgitläň!

Siziň çykyşyňyzyň temasy näme? Tema aktualmy? Şeýle tema bilen baglanyşykly siz öň nähili maglumatlara duş gelipdiňiz? Eger-de tema duşuşygyň ýa-da çäräniň guramaçylary tarapyndan size berlen bolsa, onda bu sowallary jogaplamagyň geregi hem ýok. Emma temany saýlamak size goýlan bolsa, onda gyzykly tema siziň çykyşyňyzyň hem gyzykly bolmagyna getirýär. Diňleýjiniň ünsüni özüne çekýär. Temanyň örän çylşyrymly bolmagy hökmän däl. Esasy zat onuň öz durmuşyňyz we diňleýjileriň durmuşy bilen baglanyşdyrylmagydyr.

Hökmany suratda taýýarlyk görüň!

Taýýarlyk görmek diýildigi etjek çykyşyňy bir kagyza ýazyp, ony başdan aýak ýat tutmak diýildigi däldir. Eger-de bu başartsa, onda ol bir tarapdan has gowudyr. Ýöne bardy-geldi ýatdan çykaýsa welin...

Çykyşa taýýarlanmak munuň özi tema bilen baglanyşykly maglumatlary jemlemekdir. Temany başdan aýak içgin öwrenmekdir. Ýüze çykyp biläýjek sowallara alternatiw jogaplary tapmakdyr. Şol tema bilen baglanyşykly öňe sürülýän birnäçe pikirleri öwrenmek, olaryň hersiniň artykmaçlyk we kemterlik edýän taraplaryny ýüze çykarmakdyr. Maglumatlaryňyzyň täze bolmagyna üns beriň. Häzirki wagtda ähli ýerde elýeterli bolan internet ulgamyndan peýdalanyň. Taryhy maglumatlara ser salyň. Zerur hasaplasaňyz halk döredijiliginden mysal getiriň. Bu siziň çykyşyňyzyň gyzykly we täsirli bolmagyna ýardam eder.  Çykyşyňyzyň näçe gysga we manyly bolmagyny isleseňiz, şonça-da köp taýýarlyk görüň.

Duýdansyz çykyş etmeli bolsa näme?

Elbetde, ähli çykyşlara taýýarlyk görmek mümkin hem bolup durmaýar. Käbir halatlarda duýdansyz münbere çagyrlýan ýa-da söz sözlemek gezegi berilýän pursatlary bolýar. Beýle ýagdaýlarda söz beriljegini öňünden duýsaňyz has gowy. Eger-de ol hem başartmasa, tema bilen baglanyşykly öz pikir-düşünjeleriňizi sada we düşnükli dilde beýan ediň. Emma köp uzaga çekdirmäň. Anyk netijelendirmäge çalyşyň.

Diňleýji – terezi

Siziň çykyşyňyzyň ýerine düşüp düşmezligi köp babatda diňleýjä baglydyr. Çünki  köpçüligiň öňünde çykyş edeniňizde siziň näme aýdýanyňyz möhüm däl-de, çykyşyňyzdan diňleýjileriň näme düşünýänligi has möhümdir. Şol sebäpli hem çykyş edileninde diňleýjileriň ýaş aýratynlygy, olaryň gyzyklanýan ugry, käri göz öňünde tutulmalydyr. Sebäbi diňleýjiniň çykyşy üns berip diňlemegi diýmek  şol çykyşda ony gyzyklandyrýan maglumatlaryň ýer almagy diýmekdir. Adalgalaryň, kesgitlemeleriň, getirilýän mysallaryň olaryň kärine gabat gelmegi diýmekdir. Gozgalýan meseleleriň olaryň ýaş aýratynlygyna kybapdaşlygy diýmekdir. Şonuň üçin hem diňleýjileriň ruhy ýagdaýyna aralaşyp bilmeklik, siziň çykyşyňyzy ýeňilleşdirýär, aljyraňlygy pese gaçyrýar. Özüňize bolan ynamy artdyrýar.

Sesiňizi dogry ulanmagy başaryň!

Sesiňiz siziň çykyşyňyzyň täsirini artdyrýan iň uly güýçdir. Sesiňiziň mylaýym bolmagyna üns beriň. Ses tonuňyzy beýgeldip, peseldip, ony aýdýan zatlaryňyz bilen sazlaşykly ulanyň. Dyngy belgileri, basymy dogry berjaý ediň. Möhüm ýerleri gaýta-gaýta nygtaň. Yzygiderli şol bir tonda gürlemeklik çykyşyňyzyň iç gysgynç we täsirsiz bolmagyna getirýär. Ýeri gelende diňleýjileriň ünsüni özüňize çekendigiňizi duýsaňyz, onda kä halatda örän ýuwaş ses bilen gürlemegiňiz diňleýjileriň bilesigelijiligini artdyrýar. Gürleýşiňiziň tizligine üns beriň. Minutda ortaça 125 – 175 söz aralygy kadaly hasaplanylýar.

Wagta sygyň!

“Entek köp zatlary aýtjakdym. Aýtjak zatlarymyň ýarysyny hem aýdyp ýetişmedim. Wagt ýetmedi” diýilýän pursatlary az bolmaýar. Şeýle ýagdaýlaryň özüňizde bolmagyny islemesiňiz, onda çykyşyňyzy meýilnamalaşdyryň. Giriş, esasy bölüm, netije ýaly böleklere bölüň. Giriş we netije esasy bölüme garanyňda gysgarak bolsun. Girişi çenden aşa uzaltmak esasy bölüme berlen wagty gysýar. Şonlukda netije bölümi hem aýdylanýar bilen gabat gelmeýär. Şol sebäpli-de taýýarlyk göreniňizde sagat tutup, çykyşyňyzyň ortaça näçe minut dowam edýändigini kesgitläň. Täsirli çykyşlar 5 – 7 minutdan ybaratdyr.

Durkuňyz bilen çykyşyňyza berliň!

Täsirli çykyş diňe gürlemekden ybarat däldir. Ol siziň durkuňyz bilen bir bütine öwrülmegiňizi talap edýär. Bu bolsa siziň hereketleriňiziň, ses tonuňyzyň, özüňizi alyp baryşyňyzyň, durşuňyzyň, oturşyňyzyň sazlaşygyna baglydyr. Aýratyn hem el hereketleriňize üns beriň. Sebäbi el hereketleriniň özi öz başyna düşünişmegiň bir täridir. Şonuň üçin hem el hereketleri bilen siziň sözleriňiz bitewileşse, onda has gowy çykyş ýüze çykýar. Çykyşyňyza öwüşgin çaýylar.

Ýene-de...

Eger-de mikrofonda çykyş etmeli bolsa, onda onuň agzyňyzyň deňine gabat gelmegine üns beriň. Çünki uly zallarda sesiňiziň ýuwaş eşidilmegi siziň yhlasyňyzy köýdürip biler. Çykyş edip duran wagtyňyzda gözüňiz bilen oturanlary gözegçilikde saklaň. Uly zalda çykyş etseňiz, ony göz çak bilen iki ýa-da üç bölege bölüň we gezekleşdirip hersine aýratyn ýüzleniň. Çykyşyňyzyň gyzykly bolmagyny isleseňiz diňleýjileriň pikirini bilmek maksady bilen olary gyzyklandyrýan sowallary soraň. Çykyşyňyz ahyrynda ähli aýdylanlary umumylaşdyrýan bir-iki sözlemden ybarat netijäni ýatdan çykarmaň.

Özüňize ynanyň!

Özümize çäksiz ynam bolmalydyr. Bu ynamy diňleýjiler biziň gözümizden, sözümizden, özümizi alyp baryşymyzdan, geýnişimizden duýmalydyrlar. Ýalňyşandygyňyzy duýsaňyz, munuň üçin özümizi ýitirmegiň geregi ýok. Esasy zat özümizi ýitirmezden gaýtadan diňleýjileri ele alyp bilmekdir. Hiç wagt “Men muny başarmaryn!” diýmäň. Çünki siz muny başararsyňyz!

***

Täsirli sözlemek we köpçüligiň öňünde çykyş etmek diňe ýokardaky aýdylanlar bilen çäklenmeýär. Bu sungatyň müňlerçe ýyllyk taryhynyň bardygyny göz öňünde tutsak, onda biziň nygtap geçenlerimiz ummandan bir damjadyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar