Eger çagamy täzeden terbiýeläp bilsedim...

0
3965
  • Barmagymy görkezip käýemegiň ýerine barmagym bilen surat çekmegi öwrederdim;
  • Çagalarym meni gujaklamak islänlerinde “Işim bar, git” diýmegiň ýerine “Seniň bilen az wagt geçirýänim üçin bagyşla” diýerdim;
  • “Bar oýna” diýmegiň ýerine “Gel bile oýnaly” diýerdim;
  • “Şuny etmegiňi isleýärin” diýmegiň ýerine “Näme etmek isleýärsiň?” diýip pikirini sorardym;
  • Sorag beren wagty “Şuny hem bileňokmy?” diýmegiň ýerine “Gel bile öwreneli” diýerdim;
  • Peýdaly iş edende, üstünlikler gazananda “Berekella” diýerdim;
  • Bilmezden ýalňyşanda “Bolýan zat, hemmämiz ýalňyşýarys, indiki gezek gaýtalamajak bol” diýerdim;
  • Bir işi oňaranda, işi gowy ýerine ýetirende “Tüweleme, nädip etdiň?” diýerdim;
  • “Bu gün okuwyň nähili geçdi, näme täzelikler?” diýip gyzyklanardym;
  • Okuwynda pes baha alanda “Men saňa ynanýaryn, mundan has hem köp okap, has gowy bahalary alarsyň” diýerdim;
  • Gürrüň edenimizde “Sen bu barada nähili pikiriň bar?” diýip sorardym;
  • “Şu wagt däl” diýmegiň ýerine “Seni diňleýärin” diýerdim;
  • “Ýok” diýmegiň ýerine “Şeýle etseň bolmazmy?” diýerdim;
  • “Soň” diýmegiň ýerine “Nesip bolsa, ýakyn wagtda” diýerdim;
  • “Ony et, muny et” diýmegiň ýerine, “Sen şu işi edeňde örän gowy edýärsiň, şuny etseň” diýerdim;
  • Sesimi gataltman, mylakat bilen düşündirerdim;
  • Käte sebäpsiz çagamy gujaklardym ...

Çagalaryňyza wagt aýyrmagy ýatdan çykarmaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar