Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Babek bilen düşünişmek üçin...

0
5710

Ça­ga­ňy­za su­rat­ly ki­tap­la­ry okap be­riň. Onuň sa­hy­pa­dan sa­hy­pa geç­me­gi üçin hö­wes dö­re­diň. Su­ra­ty gör­ke­zip, “Bu nä­me?” di­ýip so­ran­da oňa anyk we dog­ry jo­gap be­riň.

Ene-ata­lar öz ça­ga­la­ry­na bo­lan mährini ola­ra mä­lim et­mek üçin ça­ga ýa­ly gür­le­mä­ge ça­lyş­ýar­lar. Bi­ler­men­ler ça­ga bi­len edil özi ýa­ly gür­leş­män, eý­sem,  ada­ty dil­de geplemegi mas­la­hat ber­ýär­ler.

Müm­kin bol­du­gy­ça ça­ga­ňy­zyň çy­kar­ýan ses­le­ri­ne üns be­rip, “ka­ka”, “eje”, “ene”, “ata” di­ýen söz­le­ri öz içi­ne al­ýan, “Eje se­ni söý­ýär”, “Ka­ka gel­di” ýa­ly söz­lem­le­ri dü­züň. Ça­ga­ňy­za “eje”, “ka­ka” ýa­ly söz­le­ri do­ly we dog­ry aýt­ma­gy öw­re­diň.

Bä­bek­ler adat­ça gat­na­şyk di­li­niň ýe­ri­ne el he­re­ket­le­ri­ni, üm­le­ri ulan­ýar­lar. My­sal üçin, suw içe­si gel­ýän ça­ga “suw” sö­zü­niň ýe­ri­ne bar­ma­gy bi­len bul­gu­ry gör­ke­zip bil­ýär. Şu­lar ýa­ly ýag­daý­da ene-ata­lar bä­be­giň ümü­ne dü­şü­nip, onuň is­le­gi­ni do­ly su­rat­da ka­na­gat­lan­dyr­ma­ly­dyr.

2 ýa­şy­na ýet­me­dik bä­be­giň di­li­ni kä­mil­leş­dir­mek üçin nä­me et­me­li?

Bä­be­gi­ňi­ziň göz­le­ri­ne se­re­dip, onuň bi­len gü­lüm­si­räp gür­le­şiň. Ýüz­le­nen wag­ty­ňyz, onuň ady­ny tu­tup öz ýa­ny­ňy­za ça­gy­ryň. Bä­be­giň ýat­ýan ýe­rin­de gö­ze iläý­jek reňk­li, dür­li ses­le­ri çy­kar­ýan he­re­ket­li oýun­jak­la­ry asyp go­ýuň. Se­si üns bi­len diň­le­me­gi, he­re­ket­le­ri syn­la­ma­gy üçin oňa gol­daw be­riň. Dört aý­lyk bä­be­ge oýun­ja­ga ta­rap he­re­ket et­mek, ony el­le­me­k üçin kö­mek ediň.

Bir  ýa­şy­na ba­ran­da ça­ga­ňy­zyň eli­ne dö­wül­me­ýän aý­na be­rip, “Yn­ha, ma­ňa se­ret, me­niň bur­num bär­de, se­niň bur­nuň ni­re­de” di­ýen ýa­ly ýö­ne­keý söz­le­riň kö­me­gi bi­len söz öw­ret­mä­ge ça­lşyň. Şon­dan soň­ra ça­ga­nyň beý­ni­sin­de “Bu nä­me” di­ýen so­rag ýü­ze çy­kyp bil­ýär. Is­len­dik za­dy gör­ke­zip, onuň nä­me­di­gi­ni so­ran­da, ça­ga­nyň dü­şü­näýjek di­lin­de dog­ry jo­gap ber­me­gi ba­şa­ryň.

Iki ýa­şy dol­ýan­ça ça­ga­ňy­zy te­le­wi­zor­dan uzak­da sak­laň. Ge­çi­ri­len yl­my bar­lag­lar iki ýa­şy­na ýet­me­dik ça­ga­lar te­le­wi­zo­ra köp se­retse, olaryň kä­mil­leş­me de­re­je­si­niň wag­tyn­dan gi­jig­ýän­di­gi­ni su­but et­di.

Ça­ga­ňy­za su­rat­ly ki­tap­la­ry okap be­riň. Onuň sa­hy­pa­dan sa­hy­pa geç­me­gi üçin hö­wes dö­re­diň. Su­ra­ty gör­ke­zip, “Bu nä­me” di­ýip so­ran­da oňa anyk we dog­ry jo­gap be­riň. Ça­ga­ňy­za he­ka­ýa, er­te­ki, aý­dym aý­dyp be­riň. Iki ýa­şy­na go­laý­lan­da ça­ga­ňy­za reňk­li ka­gyz­lar be­rip, dür­li gör­nüş­li şe­kil­le­ri ýa­sa­ma­gy öw­ret­mä­ge ça­ly­şyň.

Bä­bek­le­r il­kin­ji aý­lar­da ada­ty ses­le­ri çy­kar­ýar­

Di­liň kä­mil­leş­me­si adam­za­dyň dog­lan wag­tyn­dan baş­lap, ömür bo­ýy do­wam ed­ýän zat­dyr. Ça­ga dün­ýä inen gü­nün­den baş­lap daş-tö­we­re­gin­dä­ki ses­le­ri ka­bul edip, dür­li ses­le­ri çy­ka­ryp baş­la­ýar. Il­kin­ji iki aý­da bä­bek ag­la­mak, üs­gür­mek, as­gyr­mak ýa­ly häsiýetlere eýe bolsa, üçün­ji aý­da gü­lüp, “k” we “g” ýa­ly çe­kim­siz; “a”, “e”, “o” ýa­ly çe­kim­li harp­la­ry aý­dyp baş­la­ýar. 4-6 aý­lyk bä­bek­de çe­kim­li, çe­kim­siz ses­le­riň sa­ny art­ýar. Ýa­rym ýa­şyn­da wag­ty “ba”, “ma”, “da” ýa­ly ses­le­ri çy­kar­ýar. 1-1,5 ýa­şan ça­ga bil­ýän­je söz­le­ri­ni mak­sa­da la­ýyk ulan­ma­ga jan ed­ýär. Iki ýa­şyn­dan baş­lap ça­ga kä­bir zat­la­ryň, su­rat­la­ryň ady­ny aýt­ma­gy ba­şar­ýar.

Iki ýaş ça­ga­nyň ýö­re­mä­ge, geplemäge baş­la­ýan wag­ty­dyr. Is­len­dik ça­ga iki ýa­şy­na ýe­ten­den soň­ra yl­ga­ma­ga, daş-tö­we­re­gin­dä­ki zat­lar­dan ýa­py­şyp, bas­gan­çak­la­ra çyk­ma­ga ça­lyş­ýar. Şol dö­wür­de ça­ga özü­niň bil­ýän­je söz­le­ri­ni ula­nyp, ýö­ne­keý­je söz­lem­le­ri düz­me­gi ba­şar­ma­ly­dyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar