Artykmaç çykdajylar: her bir okuwçynyň gerek bolmadyk harytlary satyn almagy

0
62870

Awgust ― täze okuw ýylyna taýýarlygyň ýakymly hysyrdylarynyň döwri. Her bir ene-ata çagasynyň okuw esbabyny satyn almagyň aladasynda. Dükanlar we internet dükanlary özüne çekiji okuw esbaplaryny alyjylara hödürleýärler. Şeýle hem bolsa satyn alynýan esbaplaryň ählisi okuwçy üçin möhüm ähmiýetli däldir.

Gymmatbahaly we gözegelüwli esbaplary satyn almazdan ozal çagaňyzyň synp ýolbaşçysy bilen oňa ilkinji nobatda zerur bolan serişdeler barada maslahatlaşmagy we olaryň sanawyny almagy ýatdan çykarmaň. Şu ýerde okuwçy üçin zerur bolmadyk birnäçe okuw esbaplarydyr serişdeler hakynda durup geçeliň.

Düwmeli awto syýa

Çagalar syýa düwmesine basyp, şyrkyldatmagyň lezzetinden kynlyk bilen saklanyp bilseler gerek. Bu olaryň ünsüni okuwda jemlemegine päsgel berýär. Şeýle awto syýalaryň synp okuwçylarynyň ýarsynda bar bolan halatynda nähili bolar? Okuwçylara ünsüni bir ýere jemlemek başartmaz. Şonuň üçin-de barmaklaryň typmazlygy üçin rezin zolak bilen üpjün edilen düwmesiz syýalary saýlamak maksada laýykdyr. Bu çaga üçin hem amatly, hem dogry esbapdyr. 

Ortopediki ýantorba 

Eger-de ortopediki ýantorbany göterip görseňiz, onuň çaga üçin juda agyrdygyna göz ýetirersiňiz. Şeýle ýantorbany ähli gerekli esbaplardyr kitaplar bilen doldursaň, kiçijek okuwçy asla ony götermegiň hötdesinden gelip bilmez. Şonuň üçin-de adaty ýantorbany satyn almak has ýerliklidir. Esasy zat ýantorbanyň ulanmak üçin amatly we ýeňil bolmagydyr. Şeýle-de ýantorba saýlaňyzda, onuň açylyp ýapylyşynyň çaga üçin oňaýlydygyna üns beriň. 

Kitap üçin daşlyklar

Elbetde, olar zatlara aýawly göz bilen garamak üçin gerekli esbaplardyr. Şeýle-de bolsa okuw kitaplarynyň her biriniň dürli ölçegde bolýandygy sebäpli satyn alnan kitap daşlyklary ulanylman galýar. Şonuň üçin-de ilki okuw kitaplaryny alyp, soňra daşlyklary saýlamak has ýerliklidir. 

Globus

Globusuň her bir uly adamyň hem çagalykda satyn almak islän zatlarynyň biridigi sebäpli, ene-atalar onuň öňünden birparh geçip bilmeýärler. Şeýle hem bolsa, okuwçylaryň degişli dersde dürli kartalar ýerleşdirilen atlaslar bilen işleýändigini ýatdan çykarmaly däldir.  Häzirki wagtda bolsa globuslar okuw gollanmasy bilen birlikde otag üçin bezeg serişdesi hökmünde hem peýdalanylýar. 

Flomaster, akwarel, mel

Bu serişdeleriň çaganyň iň söýgüli güýmenjesidigine garamazdan, okuw sapaklarynda olaryň zerurlygy ýokdur. Çünki surat sapagynda okuwçylar reňkli galamlaryň hyzmatyndan peýdalanýarlar. Şonuň üçin-de bu esbaplary satyn almakda synp ýolbaşçysynyň maslahatyna eýermelidir. Flomaster we akwarel çagaňyzyň öýdäki döredijilik işinde peýdalanylyp bilner. 

Gymmatbahaly we uly göwrümli gül desseleri

Gül desseleri satyn alnanda, olaryň diňe bir mugallym üçin däl, eýsem okuwçy üçin hem baýramçylyk nyşany bolup durýandygyny unutmaly däl. Şonuň üçin-de saýlanyp alnan desse okuwça ýöremekde ýa-da ony götermekde rahatlyk döretmelidir. Esasan hem, kiçi ýaşly mekdep okuwçylary üçin gül desseleri satyn alnanda, olaryň kiçi göwrümli bolmagyna ähmiýet bermelidir. Diňe şeýle ýagdaýda eli gül desseli çaga özüni rahat hem ykjam duýup biler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar