Soňky habarlar

Arhiw

MBA näme we telekeçilik sowatlylygyň ähmiýeti nämede?

0
30076

Mba-nyň (Master of Business Administration) iş administrirlemäniň magistr derejesine eýe bolmak häzirki wagtda bütin dünýäde guramalary dolandyrmak pudagynda ulgamlaşdyrylan hünärli kompetensiýanyň beýik derejesiniň subutnamasy bolmaklygy aňladýar.

Bu meýilnamanyň geçiriliş döwründe okyjylar goý ol marketing, menejment, satuw işleri, işgärleri dolandyrmak, maliýe, strategiýa we ş.m. bolsun telekeçiligi dolandyrmagyň ähli ugurlary boýunça tejribe sapaklaryny alýarlar. Ähli häzirki zaman dolandyryş enjamlary özleşdirýärler, ulgamlaýyn pikirlenmäni, täzeçilligi, liderliligi, duýguly akyl ýetirişi we ş.m. ösdürýär. 

Koworking – merkezi “Iş nokady” Türkmenistanda MBA-nyň onlaýn telekeçilik sowatlylygyň meýilnamasyny hödürleýär. Onuň kömegi bilen dünýäniň islendik nokadynda amatly wagtda täze bilime we türgenleşikleri/endikleri almak mümkindir.

Bu makala gürrüň edilýän tema doly düşünmäge, aýratyn hem, esasy: “MBA derejesi size zerurmy?” diýen soraga jogap bermäge ýardam eder.

MBA – bu menejere telekeçilik mekdebindäki okuw netijeleri boýunça berilýän hünär derejesidir. Bu dereje ýolbaşçylyk wezipesini üstünlikli alyp barmak başarnygynyň bardygy ykrar edýär.

Uniwersitetlerde we institutlarda biz belli bir käre eýe bolýarys. Bize ökde hasapçy, marketolog, lukman, has dogrusy, sowatly hünärmen bolmaklygy öwredýärler. Emma adam ýolbaşçylyk derejesine ýetende, gysga wagtyň içinde ol özüniň esasy meselesi – özüne däl-de bütin topara ýolbaşçylyk etmekdigine düşünýär. Üstesine-de ol öz garamagyndaky adamlaryň işini gurnamaklygyny, belli bir üstünliklere ýetirmek üçin işgärlerini ruhlandyrmagy, konflikt meseleleri wagtynda çözmekligi, wagty netijeli bölüp bermekligi we iň esasy zat – az çykdajyly maksada ýetip bilmekligi başarmalydyr. MBA meýilnamasynyň esasy maksady – ýolbaşçylara üstünlikli iş üçin başarmaly we bilmeli zatlary öwretmekden we olara ýalňyşlardan nädip gaça durmaklygy öwretmekden ybarat. 

MBA esasy iki maksada ýetmäge ýardam berýär:

  • Dolandyryş endiklerini – liderliligi, maksat goýmaklygy, çözgütleri kabul etmekligi, wagty dolandyrmaklygy we ş.m. ösdürmek;
  • Öz arasyndaky baglanşyga düşünmek üçin kärhananyň ähli telekeçilik proseslerinden baş çykarmak. Şeýlelikde, geljekki ýolbaşçy öz çözgütleriniň beýleki bölümçelere we bütinleý kärhananyň iş netijesine nähili täsir etjegini öňünden çaklap biler. 

MBA meýilnamasynyň özi tejribe taýýarlygyna has köp ugrukdyrylan. Esasy üns kärhanalaryň gabat gelýän hakyky/real meseleleriň çözülmegine berilýär. Başgaça bulara keýsleriň çözülmegi hem diýilýär. Talyplaryň her dürli meselelerden baş alyp çykmaklygyna we ugrukdyrmaga mugallymlar kömek edýär. Okuw prosesinde olar köp ýyllyk tejribä we özüniň köp ýyllyk iş usulyna daýanýarlar, sebäbi olar meşhur kärhanalaryň hereket edýän ýolbaşçylarydyr ýa-da maslahatçylarydyr. 

Eger aspiranturada ýa-da ýokary ikinjide size haýsydyr bir hünär pudagy boýunça çuň bilim berýän bolsalar, MBA meýilnamasy boýunça dereje almakda ilki bilen dolandyrmaklygy öwredýär. 

MBA bilim meýilnamasynyň nähili artykmaçlyklary bar?

1. Ýolbaşça zerur bolan endikler we bilimler – MBA-daky okuwyň esasy netijesi hasaplanylýar. Bu pikir diňe uçurymlar däl, eýsem iş berijiler hem goldaýar.  Emma MBA-nyň esasy meselesi – tejribeli ýolbaşçyny terbiýelemek. 

Okuw prosesinde siziň aljak bilimiňiz we endigiňiz ilkinji nobatda şu aşakdakylary ösdürmeklige mümkinçilik döredýär:

  • Kärhananyň ähli  telekeçilik prosesine toplumlaýyn düşünmeklik;
  • Adamlar bilen özara gatnaşmagy we olary dolandyryp bilmek başarnygy;
  • Islendik telekeçilik meselelerinde çözgüt tapyp bilmek başarnygy.

2. Networking ýa-da täze iş gatnaşyklary

Eýýäm belli bir derejede üstünliklere eýe bolan we ýene-de öňe hereket etmegi isleýän dolandyryjylar we ýolbaşçylar MBA okamaga gelýärler. Şeýle adamlar geljekde, iş gözlemek, çylşyrymly iş meselesiniň gözlemeklikde maslahat bermek, geljekki ösüş ýolunda goldaw bermek ýaly dürli ýagdaýda kömek edip biler.

3. MBA derejesiniň diplomy

Okuw netijesi boýunça siz täze kompetensiýaňyzyň tassyklamasy hökmünde jdiploma eýe bolarsyňyz. Gysgajyk rezýume hatyňyzda telekçilik bilimi baradaky belligi edeniňizde siz has ýokary zähmet hakyna we çalt wezipe ösüşine arkaýyn bolup bilersiňiz.

Koworking – “Iş nokady” atly merkezi okuwyň bütinleý onlaýn düzgüninde geçýänliginden we okuwyň ahyrynda şu aşakdakylaryň berilýändiginden habar berýär:

  • Ýewropa diplomy we Ýewropa goşundy;
  • Britan diplomy;
  • Russiýa diplomy.

Okuw üçin tölegler manatda hem amala aşyrylyp bilner. Jemläp aýdanda, bu telekeçilik-bilim meýilnamasy ilki bilen geljekde eýe bolnan dolandyryjylyk endikleriniň, telekeçilik proseleri boýunça çuň bilimiň we meseleleriň çözülmegine toplumlaýyn çemeleşmekligiň bütin işe gowy täsir edip biljek bilimdir. Az ýalňyşmaklyk we köp dogry çözgütleri kabul etmek mümkinçiligi döreýär. Meýilnamalar, kurslar we okuw prosesi bilen has giňişleýin maglumaty  görkezilen salgydan alyp bilersiňiz. 

Habarlaşmak üçin telefon belgimiz: (+99312) 46 81 65; (+99361) 29 63 97   (+99361) 38 64 17 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar