Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Casale» kompaniýasy Türkmenistandaky täze zawodyň taslamasy boýunça şertnama baglaşdy

17:3303.07.2025
0
19013
«Casale» kompaniýasy Türkmenistandaky täze zawodyň taslamasy boýunça şertnama baglaşdy
Surat: Newscentralasia.net

«Casale» kompaniýasy «Daewoo Engineering & Construction Co.» bilen täze ammiak sulfaty granulasiýa zawodynyň we granulirlenen ýönekeý superfosfat öndürýän täze kärhananyň taslamasynyň tehnologik bukjasyny taýýarlamak boýunça täze şertnama gol çekilendigini resmi taýdan yglan etdi.

Bu taslama Türkmenistanyň «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan sargyt edilip, Türkmenabat şäherinde amala aşyrylar. Taslama boýunça şertnamanyň berilmegi, dökün önümçiligi pudagynda «Casale» kompaniýasynyň halkara derejesindäki ornuny giňeltmekde we Merkezi Aziýada oba hojalygynyň durnukly ösüşini goldamakda möhüm ädim bolup durýar.

Taslama doly tamamlanandan soň, täze toplum ýylda 350 müň tonna granulirlenen ýönekeý superfosfat öndürer. Bu önümçilik «Casaleniň» öz tehnologiýasy bolan «CULTIVA-Sphos» arkaly amala aşyrylar. Bu tehnologiýa ýokary hilli, netijeli we ygtybarly ýönekeý superfosfat önümçiligini üpjün edýär.

Şeýle-de 100 müň tonna ammiak sulfaty öndüriler. Bu önümçilik hem «Casaleniň» dünýäde ykrar edilen «CULTIVA-PIPEX» tehnologiýasy arkaly alnyp barylar. Bu ulgam aýratyn beýleki ugurdaş dökünleri öndürmekde hem giňden ulanylýar.

Bu iki görnüşli dökün agronomik taýdan biri-birini doldurýar. Ýönekeý superfosfat fosfor saklaýandygy we topragyň ýagdaýyny gowulandyrýan aýratynlygy bilen gymmatlydyr. Ol, esasan hem, kalsiý derejesi pes ýa-da kislotaly topraklar üçin peýdalydyr. Ammiak sulfaty bolsa azot we kükürt bilen baý bolup, hasylyň belok düzümine oňyn täsir edýär we ösümlikleri kesellerden goramaga kömek edýär. Ol, esasan hem, şorly topraklarda giňden ulanylýar.

Ýeri gelende bellesek, «Casale» baş edarasy Şweýsariýada ýerleşýän, 400-den gowrak hünärmene eýe hususy kompaniýadyr. Dünýäniň dürli künjeklerinde iş alyp barýan bu kompaniýa bir asyrdan gowrak wagt bäri, himiýa senagatynda toplumlaýyn tehnologiýa, inženerçilik we gurluşyk çözgütlerini hödürleýän dünýä derejesindäki hyzmatdaş bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň