Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginde çig ýüpegiň önümçiligi ýokarlandyrylýar

10:2123.07.2025
0
18811
Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginde çig ýüpegiň önümçiligi ýokarlandyrylýar
Surat: Türkmenistan: Altyn Asyr

«Türkmenpagta» döwlet konserniniň garamagyndaky Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginde 2025-nji ýylyň alty aýy boýunça 33 ýarym tonna golaý çig ýüpek taýýarlanylypdyr. Bu bolsa önüm öndürmek boýunça meýilnamanyň 119,3 göterim amal edilendigini aňladýar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Şeýle hem ýylyň başyndan bäri, bu kärhanada 4 million 940 müň inedördül metr nah mata öndürilip, bu baradaky meýilnama 106 göterimden gowrak ýerine ýetirildi. Kärhanada degişli döwürde 60 müň inedördül metr ýüpek mata öndürildi.

Kärhanada tapawutlanyp zähmet çekýän işgärler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Hasyl» sagaldyş-dynç alyş merkezine iberilýär diýlip, habarda bellenilýär.

Önümçilik birleşiginde pile kelepleýji, egirme-dokma, reňk-boýag, şonuň bilen birlikde, halkyň köp sarp edýän harytlarynyň bölümleri bolup, bu ýerde ýurdumyzyň pileçi-kärendeçileriniň ýüpek gurçugyny idedip alýan pilesi gaýtadan işlenilýär we çig ýüpek, ýüpek önümleri taýýarlanylýar. Bu iri kärhanada ýurduň diňe bir Lebap welaýatynyň pileçileriniň öndüren önümleriniň däl, eýsem, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň hem ýüpekçileriniň taýýarlan pile hasyly hem işlenilýär. Hünärmenleriň we işçileriň 900-e golaýynyň zähmet çekýän önümçilik birleşiginde nepis ýüpek halylarynyň önümçiliginiň hem ýola goýlandygyny belläp geçmek buýsançlydyr.

Ýokary hil derejesi bilen tapawutlanýan ýüpek halylary sargytlar esasynda dokalýar. Kärhananyň halyçylyk bölüminde halkyň arasynda uly islegden peýdalanýan ýantorbalar, awtoulaglara niýetlenen düşekçeler, sowgatlyk halylar öndürilýär. Bu ýerde taýýarlanylýan önümler kärhananyň söwda dükanynda elýeterli bahalardan ilata hödürlenýär.

«Türkmenpagta» döwlet konserniniň garamagyndaky Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşigi 1931-nji ýylda işe girizilýär. 90 ýyl töweregi wagtdan bäri işläp gelýän baý iş tejribesi bolan bu kärhananyň Garaşsyzlyk ýyllarynda durkunyň täzelenmegi, piläni işlemek üçin häzirki zaman tehnologiýalarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy, şeýle hem önüm öndürmegiň täze usullarynyň we görnüşleriniň gözlenilmegi birleşigiň geriminiň giňelmegini üpjün edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň