Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

TNGIZT-e 2 million tonna golaý nebit çig maly iberildi

12:4127.06.2025
0
13651
TNGIZT-e 2 million tonna golaý nebit çig maly iberildi
Surat: Tngizt.gov.tm

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatyndaky edara-kärhanalary 2025-nji ýylyň şu günlerinde bellenilen tabşyrygy üstünlikli ýerine ýetirýärler. Şunda Balkanabat şäherinde ýerleşýän konserniň Esasy nebit geçirijiler müdirliginiň hünärmenleriniň şu ýylyň geçen hasabat döwründe gazanan zähmet netijeleri hem guwandyryjydyr diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, günbatar sebitde gazylyp alynýan nebit çig maly Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna (TNGIZT) akdyrylýar. Şu ýylyň başyndan bäri kärhana boýunça zawodlar toplumyna geçirilen «gara altynyň» möçberi 1 million 948 müň 927 tonna barabar boldy.

Gaýtadan işleýjilere ýetirilen çig malyň 1 million 860 müň 778 tonnasy turba geçirijileriň üsti bilen ugradyldy. Şol sanda deňiz üsti bilen gowşan nebitiň mukdary 23 müň 864 tonna, demir ýol arkaly ýetirilen «gara altyn» 20 müň 364 tonna deň boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň