Türkiýe 1-nji iýuldan başlap, Bosfor we Dardanella bogazlarynyň üstünden geçýän gämiler üçin nyrhlary ýokarlandyrar. Bu barada ýurduň ulag we infrastruktura ministri Abdulkadyr Uraloglu «NTV» teleýaýlymyna habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Ýagny geljek aýdan ady tutulan bogazlardan geçýän gämilerden alynýan paçlaryň hasaplaşygynda peýdalanylýan altyn frankyň bahasy 15 göterim ýokarlandyrylyp, 5,83 dollara deň bolar. Bogazlardan üstaşyr geçmegiň bahasy soňky 40 ýylda üýtgewsiz galýardy, Türkiýe 2023-nji ýylyň iýulynda nyrhlary 8 göterime – 4,42 dollara çenli artdyrdy.
Ýeri gelende aýtsak, Montrýeniň konwensiýasy Türkiýäniň bu bogazlaryň üstünde özygtyýarlylygyny yglan etmek bilen, oňa Bosfor hem-de Dardanella bogazlaryndan gämi gatnawyna gözegçiligi beripdi. Resminamada ähli ýurtlaryň söwda gämileriniň parahatçylyk we harby döwürlerde bogazlardan erkin geçmek hukugy beýan edilendir.