Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmäge taýýarlyk görülýär. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada düýn sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýewiň hasabatynda aýdyldy.
Hasabatda bellenilişi ýaly, sergide ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply harytlar bilen birlikde, Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleriniň täze maksatnamalaýyn ugurlary, maýa goýum taslamalary tanyşdyrylar.
Sergä Türkmenistanyň eksport, maýa goýum ugurly pudaklarynyň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet tarapyndan daşary ýurtlarda guralýan iri möçberli halkara çäreleriň netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedigini belledi hem-de wise-premýere Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.