Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin iýun aýynyň ikinji ýarymynda Gazagystanda saparda bolar we Respublikanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşar. Bu barada gazak lideriniň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berdi.
Habarda ýokary derejeli ikitaraplaýyn duşuşygyň boljakdygy hem-de onda ählitaraplaýyn gazak-hytaý strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem çuňlaşdyrmagyň ara alnyp maslahatlaşyljakdygy bellenýär.
Metbugat gullugy 17-nji iýunda Astanada ikinji Merkezi Aziýa-Hytaý sammitiniň geçiriljekdigini habar berdi. Bu formatdaky birinji sammit 2023-nji ýylda Hytaýyň Sian şäherinde geçdi.