Gaýana dünýäde ähli azyk önümleri bilen öz ilatyny doly üpjün etmäge ukyply ýeke-täk ýurtdur diýlip, Germaniýanyň Gýettingen we Şotlandiýanyň Edinburg uniwersitetleriniň alymlarynyň bilelikde geçiren barlaglarynda aýdylýar. Işiň jemleri «Nature Food» žurnalynda çap edildi diýip, «vfokuse.mail.ru» ýazýar.
Alymlar dünýäniň 186 ýurdunyň azyk önümleriniň esasy ýedi topary bilen üpjünçiligini öwrendiler, olar: kösükliler, hozlar we tohumlar; krahmally azyk önümleri; süýt önümleri; balyk we balyk önümleri; et we et önümleri hem-de gök-bakja önümleri.
Ýurtlaryň 186-syndan diňe Gaýana bu sanalan azyk önümleri bilen özüni üpjün edýär, Hytaý we Wýetnam olaryň alty topary, 154 ýurt 2-5 topary bilen özlerini üpjün edýärler.
Alty ýurt: Owganystan, BAE, Yrak we Makao (alymlar Hytaýyň bu bölegine aýratynlykda seretdiler), Katar we Ýemen bu azyk önümleriň hiç biri bilen özüni üpjün edil bilmeýärler diýip, alymlar belleýärler.