Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tramp Mask bilen dostlugynyň tamamlanandygyny aýtdy

09:2510.06.2025
0
13292
Tramp Mask bilen dostlugynyň tamamlanandygyny aýtdy
Surat: Interfax.ru

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp geçen şenbede özüniň amerikan işewüri Ilon Mask bilen dostluk gatnaşyklarynyň tamamlanandygyny aýtdy. Amerikan lideri bu barada «NBC News» teleýaýlymynyň habarçysynyň sowalyna beren jogabynda aýtdy diýip, «INTERFAX.RU» ýazýar.

«Meniň işim başymdan agdyk. Men onuň bilen gürleşmek islemeýärin» diýip, Tramp sözüniň üstüni ýetirdi.

Işewür bilen döwlet Baştutanynyň arasynda düşünişmezlik Trampyň edarasynyň işläp düzen ýurduň döwlet býujeti bilen baglylykda döredi diýlip, habarda bellenýär.

Maýda ABŞ-nyň Wekilleri palatasy Trampyň hödürlän býujet maksatnamasyny tassyklady. Onda salgytlary azaltmak we çykdajylary artdyrmak göz öňünde tutulýar. Býujete häzir Kongresse garalýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň