2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyna çykyş etmek hukugyny gazanan Özbegistanyň milli toparynyň üstünligi tutuş sebit üçin gowy mysaldyr we ýerli futbolyň zehinlere baýdygyny subut edýär. Bu barada Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Röwşen Meredow Aziýanyň Kubogy – 2027 saýlama tapgyrynyň duşuşygynyň öňüsyrasyndaky metbugat maslahatynda beýan etdi.
«Özbegistanyň dünýä çempionatyna çykmagy gowy mysaldyr we bu sebitiň tutuşlygyna zehinlere baýdygyna, gowy oýunçylaryň köp bolmagyna umyt berýär. Bu itergidir, bu ýakyn geljekde biziň başaryp biljegimizi subut edýän ýetip boljak derejedir diýip umyt edýärin. Iň bolmanda, biz munuň üçin elimizden gelen ähli güýjümizi sarp ederis» - diýip, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi nygtady.
Meredow Özbegistanyň toparynyň üstünliginiň köp ýyllyk meýilnama boýunça geçirilen işiň netijesi bolandygyny belläp geçdi. «Özbegistan munuň üçin uzak ýol geçdi. Men şol ýerde häzir işleýän kärdeşlerimi tanaýaryn we olar uzak wagtyň dowamynda şu binýady goýup geldiler» - diýip, tälimçi düşündirdi.
Ertir, 10-njy iýunda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýanyň Kubogy – 2027 saýlama tapgyrynyň çäklerinde Taýlandyň toparyna garşy öz meýdançasyndaky oýnuny geçirer. Duşuşyk «Aşgabat» stadionynda bolar, oýun ýerli wagt bilen 20:00-da başlanar.
Ýatlatsak, Özbegistanyň milli ýygyndysy ABŞ, Kanada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna öz ornuny üpjün etdi we Aziýa zolagyndaky üçünji saýlama ýaryşynyň gutarmagyna bir tapgyr galanda dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy.