Wýetnamda çaga dogumynyň pese gaçmagy we demografik kynçylyk bilen göreşmekçi bolýarlar. Munuň üçin ýurtda hereket edýän «bir maşgala iki çaga» syýasaty ýatyryldy diýip, «MIR 24» ýazýar.
Täze çözgüt Hanoýdaky Milli assambleýanyň Hemişelik geňeşi tarapyndan tassyklandy. Oňa görä, maşgalalar haçan çaga edinmelidigini we olaryň näçe sany bolmalydygyny özleri kesgitlärler. Mundan öň hereket edilen çäklendirme 1988-nji ýylda girizilipdi, sebäbi şol wagt bir ene tarapyndan dünýä inderilen çagalaryň ortaça görkezijisi 4-den geçipdi.
Ady agzalan syýasat girizileninden bäri Wýetnamda çaga dogluşy pese gaçdy. 2024-nji ýylyň dekabrynda bolsa iň pes derejä, ýagny bir zenan üçin 1,91 çaga deň boldy. Ilatyň tebigy artyşynda bu görkeziji 2,1 çaga deň bolmalydyr.
BMG-niň Gaznasynyň hasabatyna görä, Wýetnamda ilatyň çalt garramagy dowam edýär diýip, «Bloomberg» ýazýar.