Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

SOCAR kompaniýasynyň prezidenti TESC 2025 halkara maslahatyna gatnaşar

16:2604.06.2025
0
21796

Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) prezidenti Röwşen Najaf 2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda geçiriljek TESC 2025 halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşar. Azerbaýjanyň döwlet kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň gatnaşmagy nebit-gaz pudagynda ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna bagyşlanan forumyň esasy wakalarynyň biri bolar.

Forumyň guramaçysy hökmünde «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we Türkmenistanyň «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy çykyş edýär. Şeýle hem forum «Türkmen Energiýa Forumy» HJ bilen hyzmatdaşlykda, S&P Global Commodity Insights (Platts) we GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde geçiriler.

SOCAR kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň maslahata gatnaşmagy bu kompaniýanyň sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek we innowasiýalara maýa goýmak strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar.

Maslahatyň çäklerinde milli nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen halkara guramalarynyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň duşuşyklarynyň geçirilmegi hem meýilleşdirilýär. Esasy ara alnyp maslahatlaşyljak meseleler bolsa metanyň we kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmak, uglewodorodlaryň çykarylyşyny optimizirlemekde emeli aňdan peýdalanylmagy hem-de metanyň we CO2 zyňyndylarynyň azaldylmagyna innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy bolar.

TESC 2025 maslahatyna dünýäniň 26-dan gowrak ýurtlarynyň wekilleri gatnaşar. Olaryň hatarynda BMG, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (UNDP), Nebitçi-inženerler jemgyýeti (SPE), PETRONAS Carigali, Dragon Oil, Eni Turkmenistan Limited, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (EBRD) ýaly halkara guramalaryň we kompaniýalaryň wekilleri bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň