Awstraliýanyň Täze Günorta Uels ştatynyň ýaşaýjysy Leýla Filipson öz holodilnigini ýykyp-ýumrujy silden soňra öýünden 70 kilometr uzaklykdan tapdy.
23-nji maýda Filipson beýleki ýerli ýaşaýjylar bilen bilelikde, sil joşmalardan soňra galan harabalyklary dörüp ýördi, ol abat galan öý goşlaryny gözleýärdi. Şolheýwen-Heds etrabynda Leýlanyň tanyş holodilnige gözi düşdi, gapysyny açanda, onuň özüniňkidigini bildi. Muňa zenanyň öň satyn alyp, holodilnige ýerleşdiren piwo içgili gaplary güwä geçýärdi. Sowadyjyny suwuň onlarça kilometre äkidendigine garamazdan, onuň içindäki azyk harytlary abat eken diýip, «Need To Know» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.
Sil joşmalary 20-nji maýda başlanyp, bäş gün dowam etdi. Ol bäş adamyň ömür tanapyny kesdi, 3,5 müň töweregi adam heniz hem gark bolan etraplarda gabawda galýar, müňden gowrak öý ýaşamak üçin ýaramsyz diýlip hasaplanýar.