2025-nji ýylyň 30-njy maýdan 1-nji iýuna çenli geçirilen kýokuşinkaý karate boýunça halkara ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndy topary üstünlikli çykyş etdi we jemi 15 medal gazandy.
Erkekleriň derejesinde türkmen türgenleri ýokary netijeleri görkezdiler. Süleýmandurdy Sähedow 70 kg çenli agramda ýeňiş gazanan bolsa, Meýlis Paşagulyýew 90 kg çenli agramda çempion boldy. Myrat Ekeýew 90 kg-dan ýokary agramda kümüş medala eýe boldy.
Ýaşlar topary hem özleriniň ýaryşa berk taýýarlyk görendiklerini subut etdiler. 14-15 ýaşly oglanlaryň arasynda 60 kg çenli agramda Bagtyýar Ýegenmyradow altyn medal gazandy. Şeýle-de Döwletmyradow Ylham (60 kg-dan ýokary) we Ýazdurdyýew Ýazdurdy (50 kg çenli) bürünç medal gazandylar.
Zenanlaryň arasynda aýratyn tapawutlanan ýaşlar hem boldy. 14-15 ýaşly gyzlaryň arasynda 55 kg-dan ýokary agramda Päwiýewa Laçyn birinji ýeri eýeledi, Saparmyadowa Gülnur bolsa ikinji orna mynasyp boldy. Annamyradowa Gurbanbibi bolsa 45 kg çenli agramda kümüş medal gazandy.
16-17 ýaşly oglanlaryň arasynda 55 kg çenli agramda türkmen türgenleri ähli baýrakly orunlary eýelemegi başardylar: Akmyrat Omarow - altyn medal gazandy, Daýanç Döwletow kümüş medala eýe boldy, Söýenç Nonykow bolsa bürünç medala mynasyp boldy.