Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Bator şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bu ýurda döwlet saparynyň çäklerinde Türkmen-mongol işewürler forumy geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, forum söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge, maýa goýum hyzmatdaşlygynyň we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmaga bagyşlandy. Oňa Mongoliýanyň we Türkmenistanyň ugurdaş döwlet edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Mongoliýanyň Milli Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda geçirilen duşuşyga gatnaşyjylar, ilki bilen, Türkmenistanyň milli amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we türkmen halysynyň sergi-ýarmarkasy bilen tanyşdylar.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň täze ösüşi başdan geçirýändigini hem-de anyk netijelere gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler.
Uly monitorda iki ýurduň ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri barada wideofilm görkezildi. Onda iki ýurduň maýa goýum ýagdaýy, kanunçylygy we döredilýän ýeňillikler barada giňişleýin maglumat berildi.
Forumda Mongoliýanyň işewür toparlary Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary hem-de bu babatda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn maksatnamalar we özgertmeler bilen tanyşdyryldy.
Soňra forumda dürli pudaklarda ýöriteleşen mongol we türkmen kompaniýalarynyň birnäçesiniň wekilleri çykyş etdiler.
Mongol işewür toparlarynyň wekilleri türkmen hyzmatdaşlary bilen göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, wekiliýetleriň alşylmagynyň, ugurdaş forumlaryň, sergileriň we beýleki çäreleriň yzygiderli guralmagynyň möhüm ähmiýeti bellenildi.
Foruma gatnaşyjylar iki dostlukly döwletiň hem netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýändigini tassyklap, bu hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Bu ugurlar türkmen-mongol söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerine bagyşlanan sessiýada ara alnyp maslahatlaşyldy.
Günüň ikinji ýarymynda iki ýurduň döwlet düzümleriniň we hususy bölegiň wekilleriniň arasynda gepleşikler geçirildi, olaryň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Işewürler forumynyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.
Foruma gatnaşyjylar şu gezekki duşuşygyň türkmen-mongol ykdysady gatnaşyklaryna täze itergi berjekdigine ynam bildirip, bilelikdäki şeýle çäreleri geçirmek tejribesini dowam etdirmegi teklip etdiler.