Türkmen halysynyň baýramynyň hormatyna 25-nji maýda Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda duşuşyklar, sergiler, ylmy maslahatlar, döredijilik bäsleşikleri, konsertler we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler geçirildi.
Aşgabatda halylaryň we haly önümleriniň sergisi, şeýle hem Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.
Paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýi esasy baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde milli halyçylyk sungatynyň nusgawy we häzirki zaman eserlerinden ybarat bolan sergi ýaýbaňlandyryldy. Muzeý bilen ýanaşyk meýdançada, açyk asmanyň astynda halyçylaryň döredijilikli zähmeti, haly dokalyşynyň yzygiderliligi şöhlelendirildi – diýip, TDH agentligi habar berýär.
Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Olarda nepis türkmen halylarynyň waspy ýetirildi.
Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Bu ýere ýygnananlar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň dabara gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.
«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň çeper haly kärhanalarynyň ussat halyçylarynyň we hususy halyçylaryň dokan ajaýyp halylarydyr haly önümleri baýramçylyk mynasybetli guralan serginiň esasy bezegine öwrüldi. Şeýle hem sergide haly dokamak bilen meşgullanýan türkmen telekeçileriniň işleri görkezildi.
Dabaralaryň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly adyna mynasyp bolan haly kärhanalarynyň işgärlerini sarpalamak dabarasy geçirildi.
Günüň ikinji ýarymynda «Türkmenhaly» Döwlet birleşiginiň maslahatlar zalynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.
Haly dokamak senedini giňden wagyz etmek, gadymy haly nusgalaryny aýawly saklamak maksady bilen, ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümleri döwrebaplaşdyrylýar. Bellenilişi ýaly, el haly sungatynyň ussatlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nesilden-nesle geçip gelýän döredijilik ýörelgelerini üstünlikli durmuşa geçirýärler. Olaryň dokaýan ajaýyp halylary döwlet edaralaryny, medeniýet merkezlerini, beýleki binalardyr desgalary bezeýär.
Soňra forum «Halyçylyk sungaty – milli mirasymyz» we «Geçmişden eşidilýän ýaň türkmen halysy» bölümleri boýunça öz işini dowam etdirdi.