Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Putin Lukaşenkony degşip iňlis dilinde salam berip garşylady

08:5509.05.2025
0
16562
Putin Lukaşenkony degşip iňlis dilinde salam berip garşylady
Surat: Gazeta.ru

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin belarus kärdeşi Aleksandr Lukaşenkony iňlis dilinde salam berip garşy aldy diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.

Olar Kremlde resmi günortanlyk naharynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda Russiýanyň Prezidenti Moskwa Ýeňiş gününiň baýramçylygyna gelen daşary ýurt Liderlerini garşy alýarka, aýak üstünde söhbetdeş boldular. «Siziň ýanyňyza barmak mümkinmi?» diýip, Kremle giren Lukaşenko sorady.

Rus Lideri gülüp jogap berdi: «Welcome».

«Eýýäm iňlisçä geçmeli boldukmy?» diýip, Lukaşenko onuň degişmesine degişme bilen jogap berdi. Prezidentler soňra birek-biregiň elini gysyp gujaklaşdylar. «Hoş gördük» diýip, indi Putin öz kärdeşine rusça salam berdi.

Lukaşenko penşenbe güni Moskwa Ýeňiş gününiň dabaralaryna gatnaşmak üçin geldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň