Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tokaýew Beýik Ýeňiş barada taryhy hakykaty ýoýmazlyga çagyrdy

11:2908.05.2025
0
16725
Tokaýew Beýik Ýeňiş barada taryhy hakykaty ýoýmazlyga çagyrdy
Surat: RIA Nowosti

Uruş we Beýik Ýeňiş barada taryhy hakykatyň ýoýulmagyna ýol bermek bolmaz diýip, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Astanada geçen Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygyna hem-de Watan goragçysynyň gününe bagyşlanan harby parad wagtynda çykyşynda belledi.

Gazak Lideri bu barada çykyşynda ählumumy durnuksyzlyk şertlerinde öz ýurdy üçin esasy wezipäniň milli bähbitleri goramakdan ybaratdygyny nygtady.

«Gazaklar «Wyždan ömürden gymmatlydyr» diýen ýörelgä uýýan parahatçylyk söýüji, şol bir wagtda batyr we gaýduwsyz halkdyr» diýen Tokaýew ýurtda Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna müňlerçe iri dabaralaryň geçirilýändigini, 500 töweregi köçä gazagystanly esgerleriň atlarynyň dakyljakdygyny aýtdy.

Astanada 7-nji maýda geçen harby ýöriş 2019-njy ýyldan bäri ilkinji gezek guraldy. Öň olar koronawirus ýokanjy we serişdeleri tygşytlamak maksady bilen geçirilmedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň