Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystan özüniň resmi sanly puluny döretdi

14:2624.04.2025
0
36203
Gyrgyzystan özüniň resmi sanly puluny döretdi
Surat: Banks.kg

Gyrgyzystan özüniň resmi sanly puluny edindi. Bu barada degişli Kanuna Respublikanyň Prezidenti Sadyr Žaparow gol çekdi. GR-iň Milli banky ýurduň çäginde kanuny töleg serişdesi derejesine eýe bolan elektron somy goýbermäge doly hukuk eýesi boldy diýip, «rg.ru» habar berdi.

«Kriptosom» milli puluň nagt we nagt däl görnüşler bilen bilelikde, üçünji görnüşi bolar. Ol ýörite sanly gapjykda saklanýan tokenler görnüşinde goýberiler. Şeýle somy ulanmaga Milli bankyň operatorlyk etmegindäki ýörite meýdançada başlarlar.

Resmi çeşmeleriň maglumatlaryna görä, täze görnüşdäki puly ulanyşa goýbermek üçin bäş million töweregi dollar sarp ediler. Şeýle puluň üsti bilen Respublikada dürli tölegleri amala aşyrmagy, hatda aýlyklary tölemegi hem ýola goýarlar diýlip, habarda bellenýär. Galyberse-de, sanly som döwletiň kagyz pullary goýbermäge çykdajylaryny azaldar diýlip garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň