Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) mümkinçilikleri ýokarlandyrmak boýunça Ýewropadaky sebitleýin merkeziniň (ROCB Europe) başlygy we işgärleri bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşyga gullugyň ýanyndaky Okuw merkeziniň we gullugyň wekilleri gatnaşdy. ROCB Europe tarapyndan duşuşyga merkeziň başlygy jenap Antonio Lo Parko, jenap Mirhasan Seýidzade hem-de beýleki wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşykda BGG-niň Aşgabatdaky Sebitleýin okuw merkezini döretmek boýunça degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy okuw merkezine sebitleýin derejesiniň alynmagy bilen bagly öňde goýlan maksatlardyr garaşylýan netijeleri barada belledi.
Taraplar mundan beýläk hem hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirip, BGG-niň Aşgabatdaky Sebitleýin okuw merkeziniň döredilmegi başlangyjynyň çäklerinde bilelikdäki işlere işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny tassykladylar.