Gyrgyzystanda Prezident saýlawlary 2027-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda bolar. Bu barada degişli çözgüt ýurduň Parlamentiniň mejlisinde deputatlaryň ses berlişigi netijesinde kabul edildi diýip, gyrgyz habar beriş serişdelerine salgylanýan «Report» ýazýar.
Respublikanyň başga ýurduň raýatlygy bolmadyk, ses berlişik güni 35 ýaşy dolan, döwlet dilini bilýän we ýurtda azyndan 15 ýyl ýaşaýan raýaty Gyrgyzystanyň Prezidenti bolup biler.
Şeýle hem 2026-njy ýylyň noýabrynda ýurtda parlament saýlawlary geçer diýlip, habarda bellenýär.