Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony bilen tanyşlykdan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň milli pawilýonyna baryp gördi. TDH-niň habar berşi ýaly, bu ýerde döwlet Baştutanyny pawilýonyň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar hem-de bu desga barada umumy maglumat berdiler.
Bellenilişi ýaly, Ýaponiýanyň pawilýony ýaşaýşyň üznüksizligini alamatlandyrýan tegelek görnüşinde bolup, ekologik taýdan arassa agaçlardan bina edilipdir. Sergi tamamlanandan soňra, bu agaçlar beýleki binagärlik taslamalarynda ulanylar. Bu bolsa sirkulýasiýanyň möhüm ähmiýetine ünsi çekýär. Pawilýon üç bölümden ybaratdyr. “Geçmiş” atly birinji bölümde Ýaponiýanyň medeniýeti we däp-dessurlary, durmuş filosofiýasy bilen tanyşdyrylýar. “Häzirki döwür” diýlip atlandyrylýan ikinji bölümde Ýaponiýanyň tehnologiýalar, saglygy goraýyş, ulag we energetika ulgamlarynda gazanan üstünlikleri beýan edilýär. “Geljek” atly üçünji bölümde bolsa emeli aň, robototehnika ýaly geljegiň tehnologiýalary bilen tanyşdyrylýar.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti bu ýerde ýaşaýyş-durmuş şertlerinde sirkulýasiýanyň, şol sanda galyndylaryň gaýtadan işlenilmeginiň ähmiýetine bagyşlanan sergi eksponatlary bilen tanyşdyryldy.
«EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi Osakadaky Ýumeşima emeli adasynda 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinden 13-nji oktýabryna çenli dowam eder. Oňa 160-a golaý ýurduň wekilleri gatnaşýar. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Milli güni ilkinjileriň hatarynda, 14-nji aprelde geçirildi.