31-nji mart — 4-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň Döwlet Gümrük Gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezinde Bütindünýä Gümrük Guramasynyň bilermenleri Daşgyn Alyýew we Žaýdar Inkerbaýew iş saparynda boldular. Iş saparynyň maksady Strategiki meýilnamalaşdyryşy taýýarlamak üçin tehniki ýardamy bermek. Bu barada Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, saparyň dowamynda bilermenler gullugyň ýanyndaky Okuw merkeziniň işine baha bermek, bu ýerde Sebitleýin okuw merkezini döretmek hem-de onuň geljekde netijeli işlemegi babatda meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin iş duşuşyklaryny geçirdiler. Şeýle hem Okuw merkeziniň strategiki meýilnamasyny Bütindünýä Gümrük Guramasynyň görkezmesine laýyklykda işläp taýýarlamaga ýardam etdiler.
Bütindünýä Gümrük Guramasynyň wekilleri Türkmenistanda gümrük ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ugrundaky alnyp barylýan işlere ýokary baha berdiler we bu ýerde Sebitleýin okuw merkeziniň döredilmeginiň diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem tutuş sebitde gümrük hünärmenleriniň hünärlerini ýokarlandyrmak işi üçin ähmiýetli bolar diýip bellediler.
Taraplar Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Bütindünýä Gümrük Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini tassyklap, Türkmenistanda BGG-niň Sebitleýin okuw merkeziniň döredilip, onuň geljekde netijeli işlemegi babatda umyt bildirdiler.