Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BSGG dünýäde mergi kesellileriň köpelýändigini habar berdi

11:1205.04.2025
0
16969
BSGG dünýäde mergi kesellileriň köpelýändigini habar berdi
Surat: RIA Nowosti

Dünýäde 2024-nji ýylda mergi keselinden pida bolanlaryň sany 2023-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende, 50 göterim köpeldi. Ýagny geçen ýyl 810 müň adam keselledi we 5,9 müň adam mergiden gurban boldy diýip, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň mergä garşy göreş boýunça toparynyň ýolbaşçysy Filipp Barboza Ženewadaky metbugat ýygnagynda habar berdi diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.

Barboza bu sanlaryň peseldilendigini, sebäbi resmi hasabatlylygyň doly däldigini nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň