Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň çäklerinde gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa bu çärä gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkiýe Respublikasynyň maşgala işleri we durmuş hyzmatlary ministri Mahinur Özdemir Göktaş bilen hem duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, 29-njy martda bolan duşuşygyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti O.Atabaýewa foruma işjeň gatnaşandygy üçin Türkiýe Respublikasynyň maşgala işleri we durmuş hyzmatlary ministrine minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de ol Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana mähirli salamyny beýan etdi.
Myhman halkara maslahatyň ýokary derejede guralandygyny aýdyp, türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny beýan etdi. Şeýle hem ol Arkadag şäherine haýran galýandygyny nygtady.
Taraplar dostlukly türkmen-türk gatnaşyklary, özara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda çagalaryň hukuklaryny goramak ugrundaky strategik häsiýetli we umumy maksatlara üns çekildi.
Mahinur Özdemir Göktaş Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu halkara maslahatyň ähmiýetini belläp, haýyr-sahawat gaznasynyň işine ýokary baha berdi.