ABŞ-da buzly köle gaçan ýeňil motorly uçaryň ýolagçylary – iki çaga hem-de uçarman uçaryň ganatyndan aslyşyp halas boldy diýip, «Daily Star» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Waka Soldotnadan Alýaskadaky Skilak kölüne göwün açyş uçuşy wagtynda boldy, ýagny «Piper PA-12 Super Cruiser» uçarynyň uçarmany iki sany kiçijik garyndaşy bilen heläkçilige duçar boldy.Olary gözlemek işine gatnaşan meýletinçileriň biri Terri Godes uçaryň suwa gark bolan böleklerini tapdy. Ol: «Haçanda men oňa golaýlaşanymda, üç adamyň ganatda oturandyklaryny gördüm» diýip, gürrüň berdi.
Halas ediş işine adatdan daşary howa şertleri päsgel berdi, temperatura -20 gradusa çenli pese gaçdy, kölden öwüsýän şemal sebäpli howa has-da sowady. Alýaskanyň Milli goşuny ejir çekenleri dikuçar bilen halas etdi. Uçar heläkçiliginiň sebäpleri derňelýär.