Top.Mail.Ru

Arhiw

2 aýda 50 müňe golaý türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi

16:2327.03.2025
0
12453
2 aýda 50 müňe golaý türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi
Surat: Ozbekistan.org

Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi ýurda ýanwar-fewral aýlarynda gelen syýahatçylaryň sany boýunça hasabaty çap etdi.

Hasabata laýyklykda, degişli döwürde Özbegistana 48 müň 871 sany Türkmenistanyň raýaty syýahat edipdir. Bu görkeziji boýunça Türkmenistan sanawyň ilkinji onlugyndan ýer alypdyr. Hususan-da, şu ýylyň iki aýynda Özbegistana 1,3 milliondan gowrak syýahatçy gelip, olaryň 422 müňden gowragy Gyrgyzystanyň, 401 müňden gowragy Täjigistanyň, 199 müňden gowragy Gazagystanyň, 90 müňden gowragy Russiýa Federasiýasynyň, 81 müňden gowragy bolsa Owganystanyň raýatlarydyr. Türkmenistan bu sanawda altynjy orny eýeläpdir.

Hasabatda şu ýylyň iki aýynda ýurda gelen syýahatçylaryň sanynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 37,1 göterim artandygyny bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň