«Maksatly Türkmen» kärhanasynyň hünärmenleri diňe bir interýer dizaýnynyň mümkinçiliklerini giňeltmän, eýsem giňişligi tygşytly ulanmaga ýardam edýän akkordeon gapylarynyň peýdaly taraplary barada gürrüň berdiler.
Köp maşgalalar ýeriň dar hem çäkli bolmagy ýaly mesele bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar, bu esasanam köne jaýlarda, dar otagly gurşawlarda şeýledir. Munuň ýaly şertlerde adaty açylýan gapylar ep-esli ýer tutup, rahat ýaşamak üçin mümkinçiligi çäklendirip biler. Ýygrylýan akkordeon gapylary otagyň her bir bölegini tygşytly ulanmaga mümkinçilik berip, bu ýagdaýda iň ýerlikli çözgütdir.
Akkordeon gapylarynyň gurluşy otagyň islendik binagärlik aýratynlyklaryna laýyk getirilip, dürli konfigurasiýalary döretmäge niýetlenendir. Dürli hili dizaýnerlik çözgütleri islendik interýere ajaýyp gabat gelýän gapyny saýlamaga mümkinçilik berýär.
Mundan başga-da, aýna akkordeon gapylary otagy ýagtylyk we howa bilen dolduryp, ýeňillik we giňlik duýgusyny döredýär. Bu gurşawda aýdyňlygy döretmek möhüm bolan kiçi otaglar üçin hasam laýykdyr.
«Maksatly Türkmeniň» hünärmenleriniň belleýşi ýaly, bu gurluşlar dürli tehniki çözgütlere eýe bolup, içki gurnamalarynyň sany we dizaýny boýunça hem dürli-dürli bolup biler. Umuman, bu hili gapy modelleriniň ählisini olaryň ýokary hili we oturdylan otagynyň giňişligini optimizirlemek ukyby birleşdirýär.
Akkordeon gapylaryny saýlap almaga we gurnatmaga gyzyklanma bildirseňiz şu aşakdaky salgylara ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, 28-nji jaý.
Habarlaşmak üçin:
- telefon belgileri: 75 41 11, 19 41 11, 59 53 33, 14 53 33;
- sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Şeýle-de okaň: