Turkmenportal logo
19.03.25
4441644416
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Maksatly Türkmen» her bir müşderi üçin amatly çözgütleri hödürleýär

«Maksatly Türkmen» HJ müşderilerine plastikden hem-de alýuminden ýokary hilli penjireleri we gapylary taýýarlamak we gurnamak boýunça hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýär, şeýle hem ofis binalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň interýeri hem-de fasady üçin dürli taslama çözgütlerini teklip edýär.


«Maksatly Türkmeniň» esasy aýratynlyklarynyň biri hem her bir müşderä aýratyn çemeleşmegidir. Kompaniýanyň hünärmenleri amatly çözgütleri hödürlemek üçin jaýlaryň geometriýasyny, önümçilik we gurnama aýratynlyklaryny, şeýle-de beýleki möhüm şertleri göz öňünde tutýarlar.


Kompaniýanyň hödürleýän önümleri dürli görnüşli penjireleri we gapylary, şeýle hem beýleki gurluşlary öz içine alýar. Olaryň hatarynda:


Ofis germewleri


Fasad ulgamlary


Duş kabinalary


Aýna germewler


Awtomatlaşdyrylan gabsalar


Derwezeler


Süýşýän aýna gurluşlar


Penjirleri Günden goraýan gurluşlar


Alýumin çarçuwaly reňkli aýnadan nagyşlar we beýlekiler bar.


«Maksatly Türkmeniň» wekilleri önümleriniň görnüşlerini yzygiderli artdyrýandyklaryny we täze taslama çözgütlerini hödürleýändiklerini bellediler.


Döwrebap enjamlaryň we ýokary hilli materiallaryň ulanylmagy netijesinde, «Maksatly Türkmen» önümleriniň ýokary hilini kepillendirýär.


Habarlaşmak üçin maglumatlar:


  • salgysy: Aşgabat, G.Kuliýew köç., 28-nji jaý;
  • telefonlar: 75 41 11, 19 41 11, 59 53 33, 14 53 33;
  • sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň: